Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim Papasy bir zenanyň iteklemegi sebäpli ýykyldy


Watikanyň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, hiristiýanlaryň dini baýramy bolan Isa mesihiň doglan güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň dowamynda, bir zenanyň barýeri geçip Rim Papasy Benedikti iteklemegi zerarly ol ýykylypdyr.

Ady agzalýan wekil Rewerend Kiro Benedettiniň aýtmagyna görä, 82 ýaşyndaky papa Benedikt orän çalt aýak üstüne galyp oňa şol wakada zyýan ýetmändir.

Şol wakadan soňra Rim Papasy rahatlyk bilen dabaralaryň geçirilýän Watikanyň basilisiýa meýdanyna ýöräp baryp, şol çärelere gatnaşypdyr.

Watikanyň metbugat wekili Papany itekläp ýykan şol zenanyň ruhy taýdan näsagdygyny we onuň Watikanyň howpsulyk güýçleri tarapyndan tussag edilenligini aýtdy.
XS
SM
MD
LG