Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranly ýolbaşçy Bin Ladeniň gyzynyň Tährandadygyny tassyklady


Eýranyň daşary işler ministri El-Kaýda toparynyň lideri Usama Bin Ladeniň gyzynyň Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasyndadygy barada özlerine maglumat berlenligini aýtdy.

Ady agzalýan ministr Manuçer Mottaki Bin Ladeniň gyzy Iýmanyň Eýrana ýa ilçihana nähili baranlygy barada özleriniň takyk maglumatynyň ýokdugyny hem mälim etdi.

Mottaki Eýranly telekanala beren interwýusynda Tähranyň onuň şahsy maglumatlaryny anyklamagy başaran ýagdaýynda Iýmana ýurdy terk etmäge rugsat ediljekdigini hem aýtdy.

Mottaki Bin Ladeniň başga ýakyn garyndaşlarynyň Saud Arabystanynyň Tährandaky ilçihanasynda bolup bolmanlygy barada anyk maglumat bermedi. Şeýle-de Bin Ladeniň başga garyndaşlarynyň Eýranda bolup bolmanlygy barada hem oňa sorag berilmedi.

Britaniýa hem Saud Arabystan tarapyndan ýaýradylan maglumatlarda, Bin Ladeniň käbir ýakyn garyndaşlarynyň, şol sanda onuň çagalaryndan käbirleriniň Eýranyň paýtagty Tähranyň ýakynynda ýerleşýän gizlin bir öýde saklanýanlygy we onuň gyzynyň bolsa şol ýerden gaçyp ilçihana barmagy başaranlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG