Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet 2010-njy ýylda Owganystandaky roluny hasam artdyrar


Orsýetiň Owganystandaky ilçisi Moskwanyň Owganystandaky roluny artdyrmaga synanyşýanlygyny aýdyp, Birleşen Ştatlarynyň Kabil boýunça yglan eden strategiýasyna hem gowy baha berdi.

Ilçi Andriý Awetisiýan Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren interwýusynda, Orsýetiň Owganystandaky uzak-möhletleýin bähbitleriniň beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende has uludygyny hem mälim etdi.

Ady agzalýan ilçi, aýratynam Kabulyň Orsýetden 2010-njy ýylda has köp üns bermegine garaşyp biljekdigini, Orsýetiň owgan esgerlerini, polisiýa departamentiniň agzalaryny we neşa garşy göreş alyp barýan ekspertlerini türgenleşdirmegi planlaşdyrýanlygyny hem aýdyp, bu ýurda bugday we käbir beýleki enjamlary berjekdigini hem nygtady.

Ol Moskwanyň Owganystany basyp almak boýunça şowsuzlyk bilen tamamlanan çäresiniň 30 ýyllygy bilen bagly beren interwýusynda, hiçbir daşary ýurduň owgan urşunda ýeňiş gazanyp bilmejegini hem aýtdy.
XS
SM
MD
LG