Sepleriň elýeterliligi

German Popow bilen söhbet


German Popow.

German Popow.

Türkmen aýdym-sazlary bilen ýakyndan gyzyklanýan gollandiýaly aýdym-saz prodýusseri German Popow bilen Azatlyk Radiosyndan Hudaýberdi Hally söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Däp bolşy ýaly, gürrüňi tanyşlykdan başlaýalyň.

German Popow: Hawa, German Popow. Sowet Soýuzy döwründe Odessa şäherinde dünýä indim. Indi 20 ýyldan bäri Günbatarda – Gollandiýada ýaşaýaryn. Saz bilen iş salyşýan. Dürli ses ýazgylaryny toplaýan, olary satuwa çykarýan, prodýusserlik edýän hem-de propagandirleýän. Şeýle hem sazlary öwrenýän.

Azatlyk Radiosy: Meniň bilşime görä, siz Merkezi Aziýanyň hem Uzak gündogaryň halk sazlaryny, şeýle hem klassyky derejä ýeten halk sazlaryny toplaýarsyňyz.

German Popow: Hawa.

Azatlyk Radiosy: Haýsy sebäp, haýsy şert sizde bu sazlar bilen gyzyklanma döretdi?

German Popow: Hawa, men muny öz-özüm üçin düşündirjek bolşum ýaly, meni kosmiki elementler gyzyklandyrýar. Gaýypdaky ýa-da gaýyp ýören elementler gyzyklandyrýar. Şol häsiýet hem adamy ýerden ýokary göterýär, ony arşdaky giňişlige ýetirýär. Meniň göwnüme bolmasa, şol kosmiki element meni sazlar bilen baglanyşdyrýar. Men türkmen sazlaryny türkmen däl bolup diňleýän. Ony başgaça kabul edýän. Ýöne arassa saz babatynda bolsa aýdymçylaryň owazynyň äheňini hem saz gurallarynyň sesini eşidýän.

Azatlyk Radiosy: Sizde türkmen sazlary ýa-da aýdymlary barmy?


German Popow:
Mende ýeterlik köp derejede türkmen sazlarynyň kolleksiýasy bar. Epiki eserler hem bar. Dessanlar, belli bagşylar bar. Mende ýekelikde aýdylan ýa çalnan sazlaram az däl. Häzirki zaman eserleri bar. Dürli saz gurallary bar. Munuň daşyndan meniň gözleýän saz gurallarymam bar. Dilli tüýdügi gözleýärin. Ol gaty seýrek duşýan zat. Gyjak bilen durat esasy saz gurallary hasaplanýar. Umuman, men türkmen sazy bilen tanyş. Türkmen poeziýasy bilenem tanyş. Çarwa halk hökmünde türkmen halkynyň taryhyndanam habarym bar.

Azatlyk Radiosy: Siziň edýän işleriňiz barada oýlanyp, men professor E. Uspenskini ýatlaýan. Ol ynsan 20-nji ýyllaryň aýagynda obalara aýlanyp, türkmen aýdym-saz sungatyny etnograf hökmünde öwrenipdir hem olardan birnäçesini nusgalyk hökmünde ýagzga geçiripdir. Onuň işleri Belýaýew tarapyndan jemlenip, soňra Türkmen sazy ady bilen kitap bolup çykdy.

German Popow: Men ol kitap barada eşitdim. Täjik, gazak, gyrgyz sazlary barada hem şoňa meňzeş kitaplaryň bardygyny bilýärin. Şeýle ýygyndylaryň bardygyny hem bilýärin. Siziň aýdan kitabyňyzyň akademiki häsiýetdedigini bilýärin. Onuň gurluşy-da akademiki häsiýete eýe.

Azatlyk Radiosy: Hawa. Ýene türkmen sazlary meselesine gelsek, oňa düşünmek siziň üçin ýeňil, sebäbi siz specialist, bu ugurdan bilermen, ýöne şol sazlary, ýagny biziň sazlarymyzy Günbatar nähili kabul edýär?

German Popow:
Günbatar bu sazlary az bilýär. Sebäbi diňe spesialistler hem bilermenler gyzyklanýarlar. Olar hem örän az sanly. Şonuň üçinem eger-de günbatarly biri milli geýnüwli türkmen bagşysyny görse, onda köp sowallar dörär. Bu adam kim? Nireden? Şonuň üçinem olar Merkezi Aziýa halklarynyň sazyny diňlänlerinde, estetiki däl-de, owaly bilen egzotika, geň-täsinlik hökmünde kabul edýärler. Sebäbi türkmen sazyny diňläp, oňa düşünmek üçin, belli derejede tejribe hem endik gerek. Ol ýöne ýerden, aýdaly, täsirli bolup bilmeýär. Ýöne hindi ýa Azerbaýjan sazlary has mukamly, gulaga ýakymly. Olar ýewropalylaryň gulagyna ýetip bilýär. Ýöne, aýdaly, türkmen, gazak, gyrgyz sazlary, ýagny çarwa halklaryň sazlary düpýpden başga häsiýetli. Şonuň üçinem olardan lezzet almak üçin, gulagyň tejribesi gerek. Ýöne olaryň äheňi, ýerine ýetiriliş aýratynlygy babatda bilesigelji intellektual adamy özüne çekip biler.

Azatlyk Radiosy: German, söhbetdeşligimiziň ahyrynda geljeki planlaryň hakda-da aýtsaň gowy bolardy.

German Popow: Planlarymda men, köp syýahat edýän. Geçen ýyl Pamirde boldum. Täjigistanda birnäçe türkmen obalarynyň bardygyny eşitdim. Emma ol ýere baryp bilmedim. Meniň Türkmenistana barmaga uly arzuwym bar. Sazandalar bilen duşuşmagy höwes edýärin. Men Gollandiýanyň radiosy bilen işleşýän, olara göçme halklaryň saz medeniýeti barada gepleşikler edip berdim. Gazagystanda hem Gyrgyzystanda köp syhaýat etdim. Ýöne meniň arzuwym Türkmenistana barmak.

Azatlyk Radiosy: Örän gowy arzuw.

German Popow: Dilli tüýdük çalyp bilýäni sazandany tapyn, ony özünden diňlemek; men şony höwes edýän hem ony 40-50 minutlyk ýazga geçirjek. Özem ýekelikde çalnany diňlemek hem ony bu ýerde Ewropada ýaýratmak isleýän. Sebäbi men beýle sazy ýaýratmandym. ýazga geçirmekçi.

Azatlyk Radiosy: Täze ýylda arzuwyňyza ýetesiňiz diýip umyt edýärin. Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň.
XS
SM
MD
LG