Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Lebedewe on müň ýewro tölemeli


“Ýukos” nebit kompaniýasynyň öňki başlygy Mihail Hodorkowskiý (çepde) işdeşi Platon Lebedew bilen Moskwadaky sudyň zalynda, 24-nji maý, 2005-nji ýyl.
“Ýukos” nebit kompaniýasynyň öňki başlygy Mihail Hodorkowskiý (çepde) işdeşi Platon Lebedew bilen Moskwadaky sudyň zalynda, 24-nji maý, 2005-nji ýyl.

Orsýetiň Ýokary Sudunyň Prezidiumy ozalky nebit kampaniýasy bolan ”Ýukosyň” maliýe başlygy Platon Lebedewiň 2003-njy ýylda tutulyp, öňünden tussag astyna alynmagy bikanun diýip, karar çykardy.

Garaşylmadyk ýagdaýda çykarylan bu karar Ýewropanyň Adam Hukuklary Sudunyň Lebedew tutulyp, tussag astyna alnanda, onuň hukuklary bozuldy diýip, 2007-nji ýylyň oktýabrynda çykaran hökümine deň gelýär. Strasburgdaky suduň karary boýunça Orsýet Lebedewe on müň ýewro tölemeli.

Orsýetiň kanun boýunça ekspertleri Ýokary Suduň bu kararynyň Lebedewiň sud işine näme täsiriniň boljakdygy barada düýn hiç bir zat aýdyp bilmediler.

Lebedew 2005-nji ýylda ”Ýukosyň” öňki eýesi Mihail Hodorkowskiý bilen birlikde kezzaplykda we salgyt tölemekden boýun gaçyranlykda aýyplanyp, sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Olaryň tarapdarlary: “Bulara bildirilýän günäleriň bary syýasy sebäpli. Bu Hodorkowskiniň Putine garşy çykany sebäpli ony jezalandyrmak üçin Kremliň gurnan kampaniýasy” diýýärler.

Orsýetiň Ýokary Sudunyň Prezidiumy düýn aşaky suduň 2004-nji ýylda Hodorkowskiý bilen Lebedewiň kanun taýdan yzarlanmagyny birikdirip, ýeke-täk sud işine öwürmeli diýip çykaran kararyny-da ýatyrdy.

Lebedewiň aklawçylarynyň biri bolan Ýelena Lipster bu karary “ýeňiş” diýip atlandyryp: “Bu aklawçylar toparyna goşmaça appelýasiýa bilen ýokary sudlara ýüz tutmaga mümkinçilik berer” diýdi.

Ýöne ”Bu Lebedew barada 2005-nji ýylda çykarylan höküme täsir edermi ýa häzirki sud işine?” diýip berlen soraga Lipster: “Biz bu meselede işläris” diýip, jogap gaýtardy.

Ýokary Suduň Strasburgyň höküminden iki ýyldan hem köp wagt geçensoň bu karary çykarmagyna näme sebäp bolduka?

Lipster Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda muny düşündirip bilmedi: ”Täzeden gözden geçirişe başlanmagyna täze ösüşler sebäp boldy. Ýewropanyň Adam Hukuklary Sudunyň karary 2007-nji ýylyň oktýabrynda çykyp, 2008-nji ýylyň iýunynda güýje girdi. Iýul aýynyň aýaklarynda biz bu işe täzeden garalmagyny soradyk. Şol sebäpden hem Ýokary Sud bu karar biziň elimize ýaňy gelip gowuşdy diýýän bolsa, onda bu, düşnükli edip aýtsak, hakykata laýyk däl. Biz olaryň bu höküme näme üçin şu wagt gaýtadan garanyna düşünemzok”.

Lebedewiň aklawçylary suduň 10 sany kararynyň üýtgedilmegini sorapdylar. Ýöne düýn bularyň diňe dördüsi ýatyrylyp, beýleki şikaýatlar ret edildi.

Ýewropanyň Adam Hukuklary Sudy Hodorkowskiý bilen Lebedewiň häzirki hökümleri baradaky appelýasiýany gaýtdan diňlemek talaby bilen hem ylalaşdy.
XS
SM
MD
LG