Sepleriň elýeterliligi

Söhbetdeşlik: Ykdysady krizisden çykyş


Swejnar: "Biz Birleşen Ştatlar, Ýewropa we bütin dünýä krizisden assa-ýuwaşdan çykar diýip, pikir edýäris".

Swejnar: "Biz Birleşen Ştatlar, Ýewropa we bütin dünýä krizisden assa-ýuwaşdan çykar diýip, pikir edýäris".

Global maliýe krizisi we ýene-de bir krizise batylmak ähtimallygy, dollaryň üstümizdäki ýyl köplenç gowşap, diňe soňky hepdelerde güýjänligi barada Miçigan Uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça professory Jan Swejnar bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi alyp baran Kathleen Moore.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Biz ykdysady krizisden gutulyşa tarap barýan ýolda häzir nirelere geldik? Ýene bir krizise batmaklygyň, siziň pikiriňizçe, nähili howplary bar?

Jan Swejnar: Biz Birleşen Ştatlar, Ýewropa we bütin dünýä krizisden assa-ýuwaşdan çykar diýip, pikir edýäris. Geljek ýylda hem az-kem ösüşe garaşýarys. Krizisiň gaýtalanmagynyň mümkindigine-de göz ýetirýäris. Ýöne bu onçakly ähtimal däl. Bu köp problemalara we beýleki hadysalara bagly. Mysal üçin, maliýe sektoryndaky problema entek doly çözülenok. Köp regionlarda ösüşe şert döreden hökümetleriň beren maliýe goldawy boldy. Ýöne bu hemişelik zat däl. Şol sebäpden hem ýene krizis döremegi mümkin diýip, duýduryş berere dililler bar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Häzir köp soraglara sebäp bolup duran şol ykdysady goldawlar. Hökümetler köp problema döretmezden, bu kömegi bes edip bilermi?

Jan Swejnar: Meniň pikirimçe muny eden ýurtlaryň aglabasynda, şol sanda Birleşen Ştatlar, ýewro zonasy we, umuman, Ýewropada maliýe goldawynyň ikinji tapgyryny ýola goýmak syýasy taýdan gaty kyn düşer. Bu ýerde bir çäk bar, şol çäge hem ýetdik diýip pikir edýärin. Pul babatda aýdanyňda bolsa, Birleşen Ştatlaryň, Angliýanyň we Ýewropanyň merkezi banklarynyň gören çäreleri gaty möhüm çärelerdi. Bu iki delil bilen edildi. Birinjisi, ýaňy aýdyşymyz ýaly, ykdysadyýeti dikeltmekdi. Ikinjisi hem, adaty ýagdaýda pul karz berýän maliýe guramalary bu işi etmekden, ýagny pul karz bermekden saklanypdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Üstümizdäki ýyl beýleki ýurtlar bilen birlikde Hytaý we Orsýet tarapdan esasy halkara rezerw puly bolan dollardan aýrylmaly diýen çagyryşlar boldy. Bu iş dünýäniň bähbidinemi?

Jan Swejnar: Bu barada käbir üýtgemeleriň bolýanlygyny şu wagt-da göýäris. Mysal üçin, ýewro agramly rezerw puluna öwrüldi. Häzir ol dünýäniň ikinji rezerw puly bolup durýar. Şindi köp ýurtlaryň, adamlaryň, kampaniýa we guramalaryň rezerw puly diýip, dürli pullary ulanýandygyny görýäris. Bu hem bir tebigy zat. Olar ätiýaç üçin ýeke dollar däl, ýewro, ýen, belki-de Şweýsariýa frankyny saklamagy isleýärler.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Şu ýyl dollar köplenç gaty gowşak bolupdy. Onuň soňky hepdelerde güýjemegini nädip düşündirip bolar?

Jan Swejnar: Ilki bilen bir zady bellemek gerek. Pullaryň nyrhynyň aşaklap-ýokarlamagyna doly düşünýän adam ýok bolsa gerek. Pullaryň nyrhyna köp faktorlar täsir edýär. Bularyň hem käbiri ykdysady, käbiri hem ykdysady däl faktorlar. Şol sebäpden muny belli bir faktora ýa faktorlar toparyna bagly etmek gaty gyn. Muny ýatdan çykarmaly däl.

Ýöne Birleşen Ştatlar indi krizisden çykyp gelýär diýen duýgynyň bardygy çyn.Biziň köpümiz Amerika Ýewropanyňkydan agyr krizisi başdan geçirer diýip pikir edipdik. Bu krizis ýeňil bolup geldi. Birleşen Ştatlar indi ondan çykyp gelýäne meňzeýär. Ýewropa hem çykyp gelýär. Ýöne tutuşlygyna alanyňda Ýewropanyň, Gresiýa we Italiýa ýaly ýurtlarynyň problemalary ozalky çak edilişinden köp.
XS
SM
MD
LG