Sepleriň elýeterliligi

Çauşesku we aýalynyň atylyp öldürilmegine 20 ýyl doldy


Şu gün Rumyniýada ýurduň ozalky diktatory Nikolae Çauşesku bilen onuň aýaly Ýelenanyň atylyp öldürilmeginiň 20 ýyllygy bellenip geçilýär.

20 ýyl mundan ozal, 1989-njy ýylyň dekabrynda ýüz beren şol ganly rewolýusiýada Rumyniýanyň şol wagtky Kommunistik režimi synypdy. Şol waka çenli Nikolae Çauşesku Rumyniýany 25 ýyllap dolandyryp gelipdi we Ýewropadaky iň bir repressiw režimlerden biriniň lideri hökmünde taryha giripdi.

Resmi statistika görä, 1989-njy ýylyň dekabr gozgalanlarynyň barşynda Rumyniýada 1 müň 100 töweregi adam öldi diýlip hasaplanylýar.

Halk gozgalaňynyň netijesinde ýurduň diktatory Nikolae Çauşesku tussag edilip, gyssagly geçirilen harby tribunalyň karary bilenem ol öz aýaly bilen bilelikde atylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG