Sepleriň elýeterliligi

Staliniň agtygynyň şikaýaty şowsuz tamamlandy


Ozalky Sowet lideri Iosef Staliniň agtygy Ýewgeniý Jugaşwiliniň şikaýaty boýunça geçirilen sud diňlenişigi şu gün şikaýatçynyň özi üçin şowsuz tamamlandy. Ýewgeniý Jugaşwili «Nowaýa gazýeta» atly gazýeti öz atasynyň, ýagny Iosef Staliniň mertebesini kemsidýänlikde aýyplap, suda ýüz tutupdy.

Ýöne Moskwanyň şäher sudy «Nowaýa gazýetanyň» Staline jenaýatçy hökmünde garamak barada ýazan materiallarynyň kanunçylyga garşy gelmeýändigini aýdyp, bu sud prosesini gazýetiň bähbidine çözdi.

Staliniň agtygy Jugaşwili öz arzasynda moral kompensasiýa hökmünde özüne gazýetiň 10 million rubl tölemegini talap edipdi.
XS
SM
MD
LG