Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Taýlandyň häkimiýetleri tussaglykdaky pilotlary entek saklamakçy


Şu gün Taýlandyň häkimiýetleri Demirgazyk Koreýadan ýarag alyp barýarka saklanan ýük uçarynyň pilotlarynyň tussaghanada saklanmak möhletini ýene 12 gün uzaltmak barada karar çykardylar.

Ýatladyp geçsek, ýakynda, 12-nji dekabrda «Il-76» kysymly ýük uçary ýangyç guýmak üçin Bankogyň aeroportynda gonanda, onuň içinde bikanun ýarag enjamlarynyň barlygy sebäpli, ol tussag astyna alnypdy. Bäş adamdan ybarat ekipaž agzalaryndan dördüsi Gazagystanyň raýatlary, biri bolsa Belorussiýanyň raýaty.

Pilotlaryň hemmesem öz alyp barýan ýükleriniň ýaragdygyndan habarlarynyň bolmandygyny we öz ýüklerini Şri Lanka alyp barýandyklaryny aýdýarlar.

Taýlandyň häkimiýetleri bu ýük uçarynyň içinden 35 tonna partlaýyjy maddalaryn, granatlaryň we ýer-howa kysymly kiçi raketalaryň tapylandygyny habar berýärler.
XS
SM
MD
LG