Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde 6,1 million adam işsiz


Şu gün Orsýetin Döwlet statistika komitetiniň ýaýradan resmi maglumatynda geçen noýabr aýynyň ahyrynda ýurtdaky işsizleriň sanynyň 6.1 million adam bolandygy aýdylýar. Munuň özi Orsýetiň işe ýarawly ilatynyň 8.1 prosentidir.

Şu gün Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Žukow Parlamentiň ýokarky palatasynda, ýagny Federasiýa Geňeşinde eden çykyşynda geljek 2010-njy ýylda bu görkezijiniň 8.6 prosente çenli ýokarlanmagynyň mümkindigini aýtdy.

Bu barada beren hasabatynda jenap Žukow Orsýetiň hökümetiniň 2010-njy ýylda goşmaça iş ýerlerini döretmek hem-de kiçi we orta biznese ýardam bermek üçin ýurduň ykdysadyýetine milliardlarça rubl pul goýbermekligi planlaşdyrýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG