Sepleriň elýeterliligi

Katolik hristianlar Isa pygamberiň doglan gününi belleýärler


Şu gün dünýäniň katolik hristianlary Isa pygamberiň doglan gününi giň gerimde belläp geçýärler.

Bu dini baýramçylyk mynasybetli şu gün Katolik kelisesiniň ruhy lideri, Rim papasy Benedikt 16-njy Watikanda ýygnanan müňlerçe adamyň öňünde dini wagyz bilen çykyş etdi.

Öten agşam Roždestwo baýramçylygy mynasybetli Watikandaky Seýnt Piteriň Basilika soborynda dini çärä üýşülen wagty, bir ýaş aýal gorag germewinden böküp geçip, Rim papasy Benedikt 16-njyny gujaklap, ýere ýykypdy. Ýöne goragçylaryň ol aýal maşgalany gyra çekmekleriniň yzy bilen, 82 ýaşly Benedikt ýerinden galyp, öz dini wagzyny dowam etdiripdi.

Birneme giçlik Watikanyň metbugat sekretary bu wakada Benedikt 16-njyny gujaklap, ýere ýykan 25 ýaşly Suzana Maýolanyň psihiki taýdan nähoş diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG