Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Saýlawlar öňküler ýaly boljaga meňzeýär


Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow.
Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow.

Özbegistan 1991-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri üç gezek parlament saýlawlaryny geçirdi. Synçylar tarapyndan olaryň hiç birine-de Günbataryň ölçeglerine laýyk diýlip baha berlenok.

Şu ýylyň 27-nji dekabrynda geçýän saýlaw hem öňkülerden tapawutly bolmajaga meňzeýär. Hemişekiler ýaly, munda hem oppozision kandidatlar ýok. Ýöne netijeler şol öňki netijelerden tapawutlanmaz ýaly edilip düzülen hem bolsa, bu saýlawlarda täze öwrümler bar. Ony kampaniýa döwründe gyzykly eden hem şol.

Ýurduň açyk Kerimowyň tarapyny çalýan dört sany registrirlenen syýasy partiýasy indi biri-birini tankytlaýarlar. 2007-nji ýylda geçen prezidentlik saýlawlarynyň başynda bu partiýalaryň dördüsi-de prezident Yslam Kerimowy özleriniň kandidaty edip bellediler. 1990-njy ýyldan bäri höküm sürüp gelýän Kerimow hem Özbegistanyň ”Liberal-demokratik partiýasynyň” kandidatlygyny kabul etdi.

Kerimow 2004-nji ýylyň aprel aýynda ýurduň syýasy partiýalaryny tankytlap: “Olaryň berk, garaşsyz platformasy ýok. Şol sebäpden hem biri-birinden tapawudy köp däl” diýipdi. Ol bu tankydyny şondan soň birnäçe gezek gaýtalady.

”Adalat partiýasynyň” syýasy geňeşiniň agzasy Kamola Hamidowanyň 21-nji dekabrda beren bir beýanaty özbek syýasatçylarynyň Kerimowyň bu tankydyna nähili eýerýändigini görkezýär: “Özbegistanyň ”Liberal-demokratik partiýasy” uly kärhana eýeleriniň we söwdagärleriň partiýasy. Ýöne olar öz tarapdarlary bilen oňat hyzmatdaşlyk etmediler. Biz olaryň öz agzalarynyň-da hukuklaryny goramadyk mahalynyň bolanyny eşitdik”.

”Adalat partiýasynyň” ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Zuhra Botirowa hem ”Liberal-demokratik partiýany” ýerine ýetirip bilmejek wadalar berýänlikde aýyplady: “Bu pursatdan peýdalanyp, şuny aýdaýyn. Olar saýlawdan öňki programmalarynda köp teklipler girizdiler. Bular ýöne aýdylan zatlar. Olar reformalar üçin özleriniň jogapkärçiligi üstlerine almaga taýyndyklaryny aýdýarlar. Ýöne häzirki işlerini görenimde, bu işi gelejekde nädip etjekdiklerini göz öňüne getirip bilemok”.

Tankytlar başga-ga ýok däl. Ýöne bularyň hiç biri halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ýa hökümet reformalary barada däl-de, beýleiki partiýalaryň nähili işleýänligi barada.

Parlament saýlawlaryndaky esasy özgeriş – bäsdeşlige diňe hasaba alnan dört partiýanyň agzalarynyň gatnaşyp bilýändigi. Ýöne bularyň arasynda-da parlamentden orun almaga ymtylsa-da, ýol berilmedikleri bar.

“Meniň ýokary bilimim bar. Maňa pul gerek däl. Maňa hökümet wezipesi gerek däl. Men öz watanym, prezident üçin janymy gurban etmäge taýyn. Ýöne kandidat boljak bolanymda, olar maňa bu bolanok. Seniň döwlet edaralarynyň birinde ornuň ýok ýa hökümetde seni goldajak adam ýok diýdiler. Olar kandidatlaryň sanawy bir ýyl öňünden düzüldi diýip, maňa gülüşdiler. Meniň pikirimçe, mundan Prezident Kerimowyň habary ýok” diýip, ”Liberal-demokratik partiýanynyň” agzasy Komila Sadikowa aýdýar.
XS
SM
MD
LG