Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistandaky täze hökümetiň häkimiýet başyndaky üçünji senesi bolan 2009-njy ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry, ýurduň energiýa baýlyklarynyň eksport ýollarynyň diwersifikasiýasy boýunça geçirilen gepleşikler we tebigy gazyň eksporty boýunça ýola goýlan käbir iri proýektler bilen bagly boldy.

Daşarky güýçler regiondaky täsirlerini güýçlendirmek üçin bäsleşigi dowam etdirýärler. Esasy oýunçylar bolan Russiýa, Hytaý, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa regiony, şol sanda Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklaryny gorap saklamak ýa-da muny gazanmak üçin iki usuly ulanýarlar: birinjisi, özara howpsuzlyk boýunça şertler, ikinjisi bolsa, ägirt uly energiýa ýataklaryndan paý almak üçin ulanylýan maliýe we söwda çäreleri.

"Gazprom" häzirlikçe esasy müşderi

Türkmenistanyň garaşsyzlyk alanyna 18 ýyl geçse-de, Moskwa bilen uzak ýyllar boýy dowam edip gelýän gatnaşyklar 1990-njy ýyllardan soňam, häzirki günlere çenli ýurdy Russiýanyň täsir çygrynda galdyrypdy.

Şu ýylyň aprel aýynda türkmen gazyny Russiýa akdyrýan turbanyň partlamagy netijesinde, Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar täze häsiýete eýe boldy. Ýagny, şol pursatdan soň Russiya türkmen gazy boýunça monopoliýasyny ýitirdi we bu ýagdaý Türkmenistandaky agalygyny gorap saklamak isleýän Moskwa üçin oňaýsyz ýagdaý döredýärdi.

Dünýä ykdysady krizisi netijesinde Ýewropa bazarynda tebigy gaza bolan talap azalandygy sebäpli "Gazprom" hem ýangyç eksporty boýunça kynçylyk çekdi. Türkmenistan gaz eksporty boýunça alternatiw ýollaryň ugruna çykyp başlajakdygyny, şol sanda 10-njy iýuldaky Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Nabukko” proýektine goşulmaga taýýardygyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup yglan edensoň Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar has hem sowaşdy.

Russiýanyň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji sentýabrda Türkmenbaşy şäherinde we 29-njy noýabrda Moskwanyň eteginde duşuşdylar. Emma şol duşuşyklar netije bermedi.

Ahyrynda, dekabr aýynyň 22-ne Russiýanyň prezidenti Dmitriý Medwedew Aşgabada gelip türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi we Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ozalky togtadylan gaz eksportyny gaýtadan dikeltmeklik baradaky ylalaşyga gol çekildi. Şol ylalaşyga görä, türkmen gazy 2010-njy ýylyň ýanwar aýynyň başyndan Russiýa akyp başlamaly.

Habar agentlikleriniň maglumatyna görä, bu ylalaşykda häzirlikçe Russiýa Türkmenistandan ýylda 30 milliard kubometr gaz almaklyga borçlanýar. Bu bolsa soňky ýyllar Russiýa akdyrylyp gelnen gazyň möçberinden iki esse töweregi azdyr. Şeýle hem gazyň bahasy barada resmi maglumatlar berilmedi. Emma Russiýanyň “Wremýa Nowosteý” gazeti “Gazprom” kompaniýasynyň bir resmisine salgylanyp, munuň 240 dollardan gowrak boljakdygyny ýazdy.

Şeýle hem, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Halnazar Agahanow žurnalistleriň öňünde çykyş edip, öz ugruny Hazaryň ýakasy bilen alyp gitjek Türkmenistan – Gazagystan – Orsýet gaz geçirijisiniň ünsden düşürilmändigini belledi. Emma bar bolan türkmen-rus gaz geçirijisi doly güyjünde ulanylmaýan wagty, ikinji gaz geçirijiniň gurluşygyna ýakyn wagtlarda maýa goýulmagyna garaşylmaýar.

“Nabukko” kän agzaldy emma...

"Nabukko" turbalarynyň kartasy
Ýewropa Merkezi Aziýanyň nebitini we tebigy gazyny Russiýanyň üstünden alýar. Şeýle ýagdaýda ÝB-niň energiýa üpjünçiligi meselesinde Russiýa doly bagly bolup galmagyny Bileleşigiň özünde ýiti ýazgarýarlar.

Şu ýyl Ýewropa Bileleşigi özüniň Ýewropa bilen Hazar meýdanynyň arasynda asfalt, turba we demirýol gatnawyny ýola goýjak “Günorta Koridor-Täze ýüpek ýoly” strategiýasyny yglan etdi. Şol proýektiň bir bölegi bolan türkmen gazyny Ýewropa akdyrjak “Nabukko” proýekti boýunça Ýewropa Bileleşigi çäkli öňe gidişlik gazandy, emma degişli proýekt boýunça häzire çenli türkmen hökümetiniň kagyz ýüzündäki goluny alyp bilmedi. Bu proýektiň amala aşyrylmagy ugrundaky Aşgabadyň eden esasy ädimi, “Nabukko” proýektiniň paýdary bolan Germaniýanyň RWE AG kompaniýasyna Hazar deňzindäki 23-nji bloguň ynanylmagy boldy.

24-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredowa Hazar deňziniň dawaly gaz ýataklary boýunça Azerbeýjany Halkara arbitraž sudyna bermegi tabşyrdy.

Geçirijilik kuwwaty ýylda 31 milliard kubmetr bolan “Nabukko” turbalarynyň üçden birini doldurmak üçin, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň gazyna ýol açyp, Türkmenistandan Azerbeýjana tarap turba çekmeli. Hazaryň statusy boýunça düşünişmezlikleriň dowam edýän ýagdaýynda, “Transhazar” geçirijisi petige diräp dur we Brýussel Eýrany “Nabukko” turbalary üçin tranzit ýurt hökmünde göz öňüne tutmaýar.

6-njy awgustda Russiýa we Türkiýe göwrümi “Nabukko” turbalarynyňkydan iki esse uly bolan Günorta Akym proýektiniň turbalarynyň Türkiýäniň territoriýasyndan geçirilmegi boýunça ylalaşyga gol çekişdiler. Moskwa Günorta Akym proýektiniň kömegi bilen Ýewropa barýan rus gazynyň tranzit ýurdy bolan Ukrainadan çykdaýjyly hem bolsa sowa geçmek isleýär.

Emma 2-nji sentýabrda Ýewroparlamentiň senagat, barlag we energiýa boýunça komitetiniň öňünde çykyş eden komissar Andris Pibalgs Günorta Akym proýekti boýunça Russiýa-Türkiýe ylalaşygyna garamazdan, “Nabukko” proýekti boýunça Türkiýa ynam bildirýändiklerini mälim etdi.

Şeýlelikde, Nabukko proýektiniň geljegi Hazar deňziniň statusynyň kesgitlenmegine, başgaça aýdylanda, Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň Hazardaky gaz ýataklary boýunça ylalaşyga gelmeklerine bagly bolup dur. Şol ylalaşygyň ýola goýulmagynda bolsa, belli bir derejede Moskwa hem möhüm rol oýnaýar. Bu bolsa, “Nabukko” turbalaryna türkmen gazynyň akdyrylmagy boýunça bar bolan soraglaryň yzyna ýene bir sorag alamatyny goýýar.

Hytaý we Eýran hem geregini alýar

Tebigy gazyň eksporty boýunça pragmatiki öňe gidişlik iki sany gaz geçiriji bilen bagly boldy: Amyderýanyň sag kenaryndaky gaz ýakatlaryndan göz baş alýan Türkmenistan-Hytaý hem-de Döwletabadyň gazyny serhediň günortasyna akdyrjak Türkmenistan – Eýran gaz geçirijileri.

14-nji dekabrda Samandepe gaz ýatagynda Türkmenistanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkmenistan- Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy boldy.

Aşgabat bilen Pekiniň arasynda 2006-njy ýylyň aprel aýynda baglaşylan döwletara ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistandan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda ýylda 40 milliard kubmetr gaz akdyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Ors metbugatynda ýazylan sanlara görä, geljek ýylda Türkmenistandan Hytaýa 5-6 milliard kubmetr gaz akdyrmak planlaşdyrylýar, emma Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gazyň bahasynyň henize çenli ylalaşylman galýanlygy ýazylýar. Açylan gaz geçiriji bolsa, doly güýjünde 2012-nji ýyldan işläp başlar.

Frans Press agentligi Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmeginiň gündogardaky Pekin üçin aýratyn bir üstünlikdigini we Moskwanyň täsir çygrynda bolan energiýa serişdelerine baý regiona öz täsirini güýçlendirmek ugrunda Hytaýyň köp ýyllap eden tagallalarynyň hasyly bolup durýanlygyny ýazdy.

Ýakyn günlerde bolsa, Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Döwletabat gaz ýataklaryndan geçirijilik göwrümi ýylda 12 milliard kubmetr bolan Eýrana barýan gaz geçirijiniň açylyşy bolar diýlip garaşylýar. Russiýa akýan türkmen gazy kesileninden soň, Eýrana barýan bu ikinji gaz geçirijiniň gurulmagy baradaky karar şu ýylyň iýul aýynda alnypdy.

1997-nji ýyldan bäri Eýran Türkmenistanyň günbataryndaky Körpeje-Gurtguýy gaz ýataklaryndan göwrümi ýyllyk 8 milliard kubmetr bolan turbalar arkaly ýyllyk 6,5 milliard kubmetr gaz satyn alyp gelýärdi. Täze gaz geçirijiniň açylmagy bilen, 2010-njy ýylda türkmen gazynyň Eýrana umumy eksporty 14 milliard kubmetre, geljkede bolsa, ýyllyk 20 milliard kubmetre çykarylar diýlip habar berilýär.

Şeýlelikde, 2010-njy ýyl boýunça Türkmenistanyň esasy gaz alyjylary 30 milliard kubmetre golaý tebigy gaz söwdasy bilen Russiýa, 14 millard kubmetre golaý gaz almagy göz öňüne tutýan Eýran we 6 milliard kubmetre golaý gaz importy bilen Hytaý bolar diýlip garaşylýar. Ýagny, başgaça aýdylanda, 2010-njy ýyl boýunça Aşgabadyň esasy gaz hyzmatdaşlary demirgazykdaky Moskwa we günortadaky Tähran bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG