Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýanyň raýaty ABŞ-a barýan uçary partlatmakçy boldy


Şu gün irden Amsterdamdan Birleşen Ştatlaryň Detroýt şäherine uçup barýan ýolagçy uçarynyň içinde nigeriýaly bir raýatyň bomba partlatmak synanyşygynyň yzy bilen, Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri halkara howa agentliklerini howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmeklige çagyrdylar.

Birleşen Ştatlaryň kongressmeni Piter King bu partlamany amala aşyrmakçy bolan nigeriýaly 23 ýaşly Abdul Faruk Abdul-mutallabyň Al-Kaýda bilen baglanyşykly şahsyýet diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.

Gözli şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, jenap Abdul-mutallab uçaryň içinde bir partlaýyjy enjamy partlatmaga synanyşanda, onuň bu synanyşygy başa barmandyr.

Wakada uçaryň içindäki ýolagçylar ony güýç ulanyp saklamaga mejbur bolupdyrlar.

Birleşen Ştatlaryň polisiýasy Abdul Faruk Abdul-mutallabyň häzirki wagt tussag astyna alnandygyny we bu waka boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG