Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ýerli talyp komandirlerinden biri öldürildi


Şu gün Owganystanyň gündogaryndaky Wardak welaýatynda ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň geçiren harby operasiýasy wagtynda ýerli talyp komandirlerinden biriniň öldürilendigi barada maglumat alyndy.

NATO güýçleriniň resmileri bu wakada diş-dyrnagyna çenli ýaraglanan talyp komandiriniň owgan hem-de halkara güýçlerinden gaçyp gutulmak üçin bir ýerli metjitde gizlenmäge synanyşandygyny aýtdylar.

Maglumata görä, bu wakada ýüz beren ikitaraplaýyn atyşyklarda Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri bu talyp komandirini atyp öldüripdirler. Ýöne talyp komandiriniň anyk şahsyýeti barada welin, häzirlikçe maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG