Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky proteslerde öldürilen Neda «Ýylyň şahsyýeti» diýlip atlandyryldy


Şu gün Britaniýanyň «The Times» gazýeti şu ýylyň iýun aýynda Tährandaky protest çykyşlarynda atylyp öldürilen eýranly zenan Neda Agha-Soltany «Ýylyň şahsyýeti» diýip atlandyrdy.

«The Times» gazeti Eýrandaky prezidentlik saýlawlaryna protest bildirilip geçirilen demonstrasiýada öldürilen 26 ýaşly Neda Agha-Soltanyň eden-etdiliklere garşy duramaklygyň simwolyna öwrülendigini aýdýar.

Hanym Agha-Soltanyň gana boýalan ölüm pursatyndaky suraty şonda internet we beýleki habar serişdeleri arkaly tutuş dünýä ýaýrapdy.

«The Times» gazetiniň bu baradaky makalasynda Neda Agha-Soltanyň şahsyýetiniň Eýranyň režiminiň zalymlygyny hem-de ýurduň oppozisiýasynyň gahrymançylygyny görkezýän özboluşly simwola öwrülendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG