Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan parlament saýlawyny geçirdi


Özbegistan sahnalaşdyrylan parlament saýlawyny geçirdi. Bu saýlawyň 20 ýyl bäri hökümet başynda oturan prezident Yslam Kerimowyň ýaranlaryna parlamentiň aşaky öýüniň ähli ornuny bermegine garaşylýar.

Bu ýurtda oppozisiýa partiýalary ýok we demokratiýaçy şahsyýetler türmede otyr ýa daşary ýurtlarda bosgunlykda ýaşaýar. Sowet döwründe Kommunistik partiýanyn birinji sekretary bolan Kerimow saýlawa gatnaşygyň öz syýasatlarynyň il içinde meşhurlygyny görkezendigini aýtdy.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň saýlawlara gözegçilik edýän guramasy ozalky rekomendasiýalarynyň hiç biriniň durmuşa geçirilmänligi üçin bu saýlawa hiç bir gözegçi ýollamady.
XS
SM
MD
LG