Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň şaýy azlyklary Aşura baýramyny belleýär


Owganystanyn şaýy azlyklary ýurdun esasy şäherlerinde Aşura baýramyny bellediler.

Dabara mahalynda uly bir howpsuzlyk hadysasynyň bolandygy aýdylmady. Kabulda bir topar erkegiň özlerini saýgylap Muhammet pygamberiň 7-nji asyrda öldürilen agtygy ymam Huseýiniň ýasyny tutmagy netijesinde 6 000 çemesi şaýy Aşuranyn soňky dabaralaryna gatnaşdy.

Şeýle ýygnanyşyklar Hyratdaky şaýy metjidinde, Mazary-Şerifde we esasan şaýy hazaralardan durýan Bamyýan welýatynda hem boldy.
XS
SM
MD
LG