Sepleriň elýeterliligi

Janyndan geçen bombaçy Pakistanda 5 adamy öldürdi


Pakistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmirde şaýy metjidiniň işiginde özüni partladan bombaçy Aşura baýramynyň jemleýji gününde azyndan 5 adamy öldürdi.

Kaşmir polisiýasynyň başlygynyň orunbasary Çaudry Imtiýaz ölenleriň ikisinin graždan ilatdandygyny, üçüsiniň polis işgäridigini aýtdy. Şeýle-de ol 81 adamyň ýaralanandygyny, olaryň 10-synyň agyr ýagdaýdadagyny sözuniň üstüne goşdy.

Pakistanyň aglaba köplügi sünni musulmanlardan durýan 167 million ilatynyň 20 prosent çemesi şaýy hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG