Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama uçmasyzlaň sanawlaryny gaýtadan barlamagy buýurýar


Birleşen Ştatlaryn prezidenti Barak Obama Amerika uçýan uçarlara goýberilmeli däl adamlaryň sanawyny gaýtadan barlamagy buýurdy.

Bu buýruk anna güni bir Nigeriýaly erkegiň partlaýjy mehnanizmli Detroýta barýan uçara münüp bilenligi bilen bagly soraglar zerarly berildi.

Abdul Faruk Abdulmutallabyň ady gözegçilik sanawyna geçen aý girizilipdir, ýone ol 18 000 adamly uçmasyzlar sanawyna salynman galypdyr.

Ol amerikan wizasyny alyp, Lagosdan Amsterdama we ondan hem Detroýta uçup gelipdir.
XS
SM
MD
LG