Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, Fransiýa we Italiýa Eýran zorlugyny ýazgarýar


Birleşen Ştatlar, Fransiýa we Italiýa Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň asuda protestçilere garşy zorluk ulanmagyny ýazgaryp beýanat ýaýratdylar.

Ak tam Eýran hökümetiniň graždan ilata garşy ulanan çeresini adalatsyz we basyş diýip atlandyrdy hem ony berk ýazarýandygyny, Birleşen Ştatlaryň protestçileriň tarapyndadygyny aýtdy.

Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda Fransiýanyň öz hukuklaryny gorap çykyş eden ýönekeý protestçileriň garşysyna eden-etdilikli tussag etmeleriň we zorluk ulanylmagyny ýazgarýandygy aýdylýar.

Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda Eýranyň howpsuzlyk guýçleriniň protestçilere garşy zorluk ulanmagy ýazgarylýar we ynsan ömrüni gorap saklamagyň iň uly gymmatlykdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG