Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran protestlerinde demonstrantlar öldürildi, tussag edildi


Eýranda oppozisiýa goldawçylary bilen howpsuzlyk guýçleriniň arasynda soňky aýlarda bolan iň bir ganly çaknyşykda demonstarsiýaçylaryň käbiri öldürilse, bir topary ýaralandy.

Howpsuzlyk guýçleriniň bazar guni Tähranda hem beýleki şäherlerde ýygnanan protestçileri dargtymak üçin ot açandygy we göz ýaşardyjy gazlary ulanandygy aýdylýar.

Polisiýa Tähranda bolan zorlukly wakalarda azyndan 5 adamyň ölendigini, 300-den gowrak adamyň bolsa tussag edilendigini aýdýar.

Tähranda öldürilen 5 adamyň arasynda ozalky prezidentlige kandidat Mir Hosseýin Musawiniň ýegeni Aly Musawi hem bar.

Reforma tarapdar saýtlar Töwriz şäherinde hem 4 adamyň ölendigini habar berýärler.

Isfahanda, Nažafabatda, Şirazda hem çaknyşyklaryň bolandygy aýdylýar. Ýöne ol habarlary garaşsyz çeşmeler arkaly barlap bolmaýar.
XS
SM
MD
LG