Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda “Youtube” saýtynyň petiklenendigi ret edilýär


Ýakynda türkmen raýatlaryna internetiň elýeterli bolmagy bilen bagly “Fergana.ru” internet gazeti maglumat ýaýratdy. Şol maglumatda Türkmenistan "Youtube" we "Livejournal" internet saýtlarynyň petiklenendigi maglumat berilipdi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bu saýtlaryň we beýleki internet metbugatlaynyň öňküsi ýaly açyk bolmagynda galýandygyny aýdyp, şol maglumaty ret etdiler.

Emma muňa garamazdan, bosgunlykdaky türkmen oppozisiýasyna degişli internet sahypalarynyň öňküsi ýaly petikli bolmagynda galýandygy habar berildi.

Rus metbugatynda şol maglumatlaryň ýaýramagyndan soň “Türkmenistan. Altyn Asyr” internet sahypasy tarapyndan ýaýradylan maglumata göra, Mary şäheriniň merkezinde ýerleşýän internet kafede “Skype”, “Messenjer”, Agent” atly meşhur programmalaryň işlemegine zerur bolan wideo kameralar we beýleki enjamlar gurnalypdyr.

Şeýlelikde, “Marytelekom” kompaniýasyna degişli internet kafede ulanyjylara hödürlenýän hyzmatyň göwrüminiň giňeldiljekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG