Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Içerki ösüşler hem-de bar bolan paradokslar


Türkmenistanyň içerki durmuşyndaky ösüş bilen bagly täze hem köne ýylyň çatrygynda biri-birine garşy gelýän iki tendensiýa dowam edýär.

Bir tarapdan, S.Nyýazowyň dünýäsini täzelänine üç ýyl bolandygyna garamazdan, käbir wakalar nyýazowçylygyň barybir jemgyýetde dowam edýändigine, hatda kök urýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenbaşynyň döwründäki ýaly şeýle ýapyk, daşarky dünýäden şeýle arasy açyk, üzňe, hatda duldegşir goňşulary bilen-de arasy berk ýapylan döwleti türkmenler özüniň uzak taryhynyň dowamynda gören däl bolsalar gerek.

Şu ýagdaý bilen bagly adam hukuklaryny goraýan köp sanly halkara guramalar, ençeme internasional institutlar: ”Şu ýapyklyk sistemasy sebäpli Türkmenistanyň içerki durmuşynda öňki režim dowam edermi?” diýen soragy berýärler.

Ýurtda açyklygyň wagty gelmedimikä? Türkmenistanlylar ýene näçe wagtlap çäresizlikde, häkimiýete doly garaşly bolup ýaşamaly bolarlar? Bu kabul edilýän kanunlar kagyz giňişliginden çykyp bilmän galyberermi? Hernäçe geň bolup görünse-de, Türkmenistandaky häzirki real ýagdaý şol howsalaly soraglaryň öňünde dur.

Şol reallygyň ikinji tarapy

Nyýazow döwründe adamlaryň elinden alnan zatlar ýuwaş-ýuwaşdan gaýtarylyp berlip ugrady. Medeni durmuşda sirkiň hem opera teatrynyň işläp başlamagy adamlarda umyt uçgunlaryny döretdi.

Şol bir wagtda-da onýyllyklaryň dowamynda Nyýazowyň sud sistemasy tarapyndan çykarylan hökümler eldegrilmesizligine galýar. Bu gumanitar ýagdaý has-da ýurduň türmelerinde oturan oppozisiýa wekilleri bilen bagly.

2009-njy ýylda birnäçe gezek amnistiýa geçirilip, köp adamlar azatlyga çykaryldy. Ýöne şol adamlaryň arasynda Nyýazowyň duşmanlary ýok.

Bulardanam başga, jeza höküm edilen oppozisionerleriň köpüsiniň ykbaly gümürtikligine galýar. 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakasy diýilýäni gurnamakda baş günäkär saýylan Türkmenistanyň öňki Daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň ykbaly barada häkimiýet wekilleri dil ýarmaýarlar. 25-nji dekabrda sud edilenden soň ol gürüm-jürüm boldy.

Haçana çenli…

Hut şu ýagdaýam synçylarda: başgaça pikir üçin türme mundan beýlägem jeza çäresi bolarmy, ol aýpalta bolup, türkmen jemgyýetiniň depesinden sallanyp durarmy? - diýen soragy döredýär. Belki-de, ol üzňeligiň içerki guralydyr?

Ýöne Türkmenistanyň daşary arenadaky aktiwligi bu pikire garşy gelýär. Sebäbi bu uly arenada üzňelige, izolýasiýa ýer ýok. Tersine, tutuş 2009-njy ýyl başyndan tä ahyryna çenli izolýasiýany aradan aýyrmak bilen geçdi.

Hytaý, Orsýet, Eýran bilen gaz şertnamalary, Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegi, çuňlaşdyrylmagy, Günbatar Ýewropa hem Birleşen Ştatlar bilen özara ykdysady gatnaşyklaryň perspektiwalary Türkmenistan üçin daşarky dünýä bilen gatnaşyklarda şeýle köprüleriň binýadyny goýýar, ol ýurduň içindäki üzňelige tarapdarlary ýa onuň arhitektorlaryny gorpa iterýär.

Halky tabynlyga, çäklendirmelere daňlyp goýlan ýurtda şeýle uly möçberli planlary amala aşyrmak mümkinmi? Şol planlar döwlete ägirt girdejiler getirjek bolup durka, Türkmenistanyň nähili ähmiýete eýedigini tutuş dünýä görkezjek bolup durka, öz öňde goýan maksatlaryna ýetmek, olary amala aşyrmak üçin özüni üýtgedip gurmaga türkmen häkimiýetleri ahyrsoňy mejbur bolmazmy?

2010-njy ýyl ýurtda haýsy tendensiýanyň öňe saýlanjakdygyny görkezer: ol yzagalak feodal däplere eýerýän üzňleikdäki gaz satyjynyň rolunda bolarmy ýa-da dünýäniň global proseslerine özüniň liberal hem güýçli depginde ösýän jemgyýeti bilen açyk gatnaşjakdygyny görkezermi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG