Sepleriň elýeterliligi

Eýranda tussag edişlikler dowam edýär


Şu gün Eýranyň howpsuzlyk güýçleri geçen iki günlükde Tähranda we ýurduň beýleki şäherlerinde köpçülikleýin demonstrasiýalara gatnaşan protestçileri, oppozisiýanyň agzalaryny tutmagy dowam etdirdiler. Polis şu wagta çenli tutulanlaryň sanyny 300 töweregi diýip habar berdi.

”Parlemannews” intenet sahypasy şu gün häkimiýetleriň iň bärsinden ýedi tanymal reformaçyny tutandygyny ýazdy. Bularyň üçüsi ”Ýaşyl hereketiň” başlygy, iýunda geçen prezidentlik saýlawlarynda ýeňlişe uçran Mir Huseýn Musewiniň ýakyn kömekçileri. Beýlekileriň biri Eýranyň ”Azatlyk hereketiniň” baş sekretary Ebrahim Ýazdi, beýlekisi hem adam hukuklary aktiwisti Emad Bagi.

”Azatlyk hereketiniň” ýokary derejeli agzasy Amir Horram Farda Radiosyna beren interwiýusynda Ýazdiniň şu gün ir ertir öz öýünde tutulandygyny aýtdy: “Ýazdiniň tutulmagyny diňe häkimiýetleriň ”Azatlyk hereketine” gysyş görkezmek isleýändigi bilen düşündirip bolýar. Olar biziň alyp barýan işlerimiziň togtadylmagyny isleýärler”.

Protestleriň güýjemegine sebäp bolan düýn, ýekşenbe güni, 27-nji dekabrda Aşura gatnaşan müňlerçe adamynyň “Hameneiýe ölüm” diýip gygyryşyp, hökümete garşy şygary öňe sürmegi boldy.

Eýranyň döwlet telewideniýesi çaknyşyklarda sekiz adamyň ölendigini tassyklady. Hökümet polisiň bu çaknyşyklara garyşman, diňe howa ot açandygyny aýdýar.

12-nji iýunda geçen jedelli prezidentlik saýlawlaryndan soň turan protestler we gazaply hereketlerde ozal munça adam ölenok. Ölen sekiz adamyň biri Musewiniň ýegeni, 20 ýaşly Ali.

Oppozision ýolbaşçy Mehdi Karrubi reformaçylaryň bir internet sahypasynda ýerleşdirilen beýanatynda “Häkimiýetler Aşura güni adamlaryň ganyny dökmäge nädip ýürek etdikän, bu günä” diýip soraýar.

Iýun saýlawlaryndan soň turan prostestleri hökümet gazaply basyp ýatyraly bäri oppozisiýanyň tarapdarlary demonstrasiýa geçirmek üçin belli günlereden we dini baýramçylyklardan peýdalanýarlar.

Aşurada Muhammet pygamberiň agtygy, şaýylaryň üçünji ymamy Huseýniň VII asyrda ölen güni ýatlanylýar. Protestleriň güýjän güni düýn, ýekşenbe güni, aýatolla Huseýn Ali Montazarynyň ýedisine gabat geldi.
XS
SM
MD
LG