Sepleriň elýeterliligi

Çagalaryň sowgatlaryny kim iýdikä?


Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi.

Her ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy birleşigi (öňki profsoýuz) tarapyndan ýurduň edara-kärhanalarynda işleýän işgärleriň çagalary üçin ýörite pul serişdeleri bölünip berilýär. Şol serişdä bolsa edarada işleýän ähli işgärleriň 14 ýaşyna ýetmedik çagalaryna täze ýyl sowgatlary paýlanylýar. Işgäriň 14 ýaşyna ýetmedik bir çagasy bolsa, bir sowgat, alty çagasy bolsa alty sowgat berilýär.

Emma mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlara welin, çagalarynyň birnäçedegine garamazdan, bary-ýogy bir sowgat berilýär. 14 ýaşyna ýetmedik 1 çagasy bolanam ýekeje sowgat alýar, alty çagasy bolanam ýekeje sowgat alýar. Mekdeplerde soňky üç-dört ýyllykda ýüze çykan bu ýagdaý şu ýyl hem gaýtalandy. Köp çagaly mugallymlar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy birleşiginden çagalary üçin ýekeje sowgat aldylar.

Köp çagaly mugallymlara näme üçin bary-ýogy ýekeje sowgadyň berilýändigini anyklamak üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy birleşigine baryp, gyzyklanyp gören mugallymlaram boldy. Olara berlen düşüňdiriş bilim işgärlerini geň galdyrdy. “Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy birleşiginiň bilim ulgamynda soňky ýyllarda geçirýän çäreleri köp. Şonuň üçin pul serişdeleri azlyk edýär”. Şol sebäpden hem çagalara goýberilýän täze ýyl sowgatlaryndan tygşytlamaly bolýandygyny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy birleşiginiň işgärleri gazap atyna münüp baran mugallymlara ýuwaşlyk bilen düşündirdiler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG