Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Dürli derejedäki ýygnanyşyklarda dürli derejedäki ýolbaşçylary ak köýnekli, gap-gara penjekli, gara galstukly, gara köwüşli görüp: «Baý, biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň beýle dommadygyny! Şular öýlerinde beri degşip-gülüşýärmikäler, ýylgyrýarmykalar?» diýip, pikir edeniňi duýman galýarsyň.

Agraslyk, saýhallylyk ýolbaşçylaryň köpüsine mahsus. Elbetde, bu zatlaryň daşyndan şeýle bolup görünmegi-de mümkin.

Wise-premýerlerem, ministrlerem, olaryň orunbasarlaram ýomakdyr-henegi halaýar. Munuň şeýledigini geçen ýyl Sergi köşgünde geçirilen ýolbaşçylaryň Täze ýyl baýramçylyk şowhuny-da subut etdi.

Şol Täze ýyl oturylyşygynda döwlet ýolbaşçysyndan başlap, iň ýönekeýje edara ýolbaşçysyna çenli adaty resmiligi unudyp, özlerini çeper höwesjeňlerçe - artistlerçe alyp bardylar.

Bir pikir edip görüň: Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň ýolbaşçylary sahna çykan badyna zalda çyra öçýär. Muňa gülmän durup bolmaýar.

Ýa-da Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministrliginiň ýolbaşçylaryny alyp göreliň. Olar yzly-yzyna hatara durup, otly sostawyna öwrülýärler. Iň öňde duran bolsa, lokomotiw bolup : «Gu-u-uk!» edip, sesini süýndürip gygyrýar welin, şeýle tomaşany oýlap tapanlara «berekella» diýeniňi duýman galýarsyň.

Arman, şeýle gyzykly programmaly tomaşany göni efir arkaly telewizorda görkezmediler. Ýogsa tomaşaçylar ýolbaşçylaryň-da gowy degşip bilýänlerini görerdiler. Gynansak-da, jenap ýolbaşçylar öz degişmelerini halkdan bukdular hem-de oňa öz-özleri tomaşa edip oňdular. Halkdan bukulyp, gülküden lezzet aldylar.

Bu ýyl hem taýýarlandy

Ýolbaşçylaryň geçen ýyl Sergi köşünde geçirilen Täze ýyl agşamyndaky degişmeli çykyşlar döwlet ýolbaşçysynyň-da göwnüne hoş ýakdy. Şeýle bolansoň, ýolbaşçy işgärler öz degişmelerini bu ýyl hem taýýarlamagy makul bildiler.

Täze ýyl agşamyna bir aý öňünden taýýarlyk görlüp başlandy. Her ministrlik ýörite ssenariý ýazdyrdy. Ssenariler gaýtalanyp-gaýtalanyp ýazyldy. Olaryň temasy ilik-düwme gözden geçirildi. Degişmä birden nädogry düşüniläýer öýdülen ssenariler ýatyryldy.

Şundan soň ministrlikleriň ýolbaşçy işgärleri esasy işlerini birsellem kör edip, öz oýnaýan rollaryny ýat tutdular. Soňra her gün üç-dört sagatlap repetisiýa geçdiler. Repetisiýalary öz işleriniň daşyndan profesional režissýorlar geçirdiler.

Olar ýolbaşçy işgärlere ýokary derejede öwretmek üçin yhlasam görkezdiler, görgem gördüler.

Režissýorlaryň yhlasy ýerine-de düşdi. 28-nji dekabrda, duşenbe güni Aşgabadyň Sergi köşgünde geçirilen ýolbaşçylaryň Täze ýyl baýramçylygynyň dabarasynda ýurduň ministrlikleriniň ýolbaşçylary hökümet baştutanynyň, Türkmenistandaky diplomatik korpusyň wekilleriniň hem-de beýlekileriň öňünde gülküli sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.

Şady-horramlyk, ýurt ýolbaşçylarynyň özlerini halkdan çetde tutup geçirýän baýramçylyk hezilligi gijäniň bir wagtyna çenli dowam etdi.

Ýolbaşçy işgärleriň gülküli oýunlaryny, keýpi-sapasyny bu saparam telewideniýe arkaly görkezmediler. Belki, ýolbaşçylaryň indiki täze ýyl oturylyşyklarynda bu säwlik sapak edinilip, ýolbaşçy işgärleriň artist boluşlaryny halka-da görkezerler.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG