Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýogalan protestçileriň jesetleri derňew astynda


Eýranyň resmi IRNA habar agentligi ýekşenbe güni bolan gozgalaňda öldürilen oppozisiýaçy protestçileriniň bäşisiniň jesediniň derňewini soňlamak üçin saklanýandygyny habar berdi.

Saklanýan jesetleriň arasynda oppozisiýanyň lideri Mir Hosseýin Musawiniň 35 ýaşly ýegeni Aly Musawiniň hem jesedi bar. Ol protest mahalynda doşünden atylyp öldürildi.

Birleşen Ştatalryň prezidenti Barak Obama Eýran hökümetini demokratiýaçy protestçileri zor bilen basyp ýatyrmakda ýazgardy.

Eýrandan gowşan habarlarda belli reformaçylaryň azyndan 7-siniň tussag edilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG