Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýazyjy Monton Janmyradowyň ýadygärligine


Meniň atam Monton Janmyrat 1909-nji ýylda doglan. Eger aramyzda diri gezip ýören bolsa, onda ol 2009-njy ýylda 100 ýaşamalydy.

Monton Janmyrat öz döwründe şahyr hem ýazyjy hökmünde tanalypdyr. Ol 1938-nji ýylda, 29 ýaşynda, Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň agzasy bolupdyr. Şonuň yz ýany, ýagny 1940-42-nji ýyllar aralygynda bolsa Türkmenistan Ýazyjylar birleşigine ýolbaşçylyk edipdir. Urşdan galmaga haky, ýagny brony bar hem bolsa, 1942-nji ýylda meýletin, ýagny özi arzasy bilen fronta gidýär. Şol gysga döwürde hem onuň “Gülälek” powesti, “Ordenli Myrat” poemasy, “Açylan göz” pýesasy, “Sazandalar” hekaýasy hem ençeme goşgulary çap bolupdyr.

Frontda gaýduwsyz söweşip, rota komandiri derejesine ýeten Monton Janmyrat faşistleriň gabawynda galyp, mejbury ýagdaýda ýesir düşýär. Staliniň döwründe nemeslere mejbury ýagdaýda ýesir düşen adamlary-da “watan dönügi” hökmünde sürgün edipdirler. Şeýdip, uruşdan diri gutulan atamy hem “watan dönügi” diýip yglan edýärler. Ol Ýazyjylar guramasynyň agzalygyndan, kommunistik partiýanyň hataryndan çykarylýar we Sibire sürgün edilýär.

Çagakam öz atamdan: “Eger urşa gitmezlige hakyň bolsa, näme üçin fronta gitdiň?” diýip soranym ýadymda. Atam bolsa: “Urşa giden ýazyjylaryň biriniň aýaly “Biziň ýarlarymyzy urşa iberip, özüň bolsa howp-hatardan daşda otyrsyň” diýeninden soň, özüm arzamy ýazyp, fronta gitdim” diýip, jogap beripdi. Atam Monton Janmyrat öz wyždanyna, öz ynsabyna görä hereket edipdir. Şeýdip, ol Watanyna, il-gününe hem maşgalasyna nähili wepalydygyny subut etmek isläpdir. Netijede agyr fiziki kynçylyklara hem ruhy süteme duçar bolupdyr. Stalin ölensoň, atam Sibir sürgünliginden Türkmenistana gaýdyp geldi. Hruşewyň döwründe bolsa nähak jebir çeken diýlip aklandy. Emma muňa garamazdan, atamy hiç ýerik işe almadylar, ýazan kitaplaryny hem çap etmediler.

Kompartiýanyň 20-nji, aýratynam 22-nji gurultaýyndan soň Staliniň şahsyýet kulty berk ýazgarylyp, şol döwürde nähak pida çekenlere başgaça seredildi. Şeýle aklanyş atam Momton Janmyrada hem degişli bolsa-da, ony yzarlap geldiler. Onuň ýazan eserlerini çap etmediler. Ony hiç bir resmi ýygnaklara ýa ýubileý dabaralaryna çagyrmadylar. Onuň uruşdan öňki hyzmatyna hem Watan üçin çeken jepasyna baha berilmedi. Ýogsa, Staliniň gazabyna, Ždanowyň tankydyna duçar bolan Mihail Zoşenkonyň, Anna Ahmatowanyň, Wladimir Grossmanyn, Dudinsewiň, Boris Pasternagyň we beýlekileriň eserleri 80-nji ýyllarda ýeke-ýekeden çap edilip başlanypdy. Türkmenistan bolsa nähak süteme duçar edilenleri doly aklamagy, olaryň günäsizdigini boýun almagy başarmady. Monton Janmyrat barada aýdylanda, onuň ogly, ýagny kakam Amandurdy Janmyradow bilen bile ýazan “Böş peşeň” powesti diňe 1994-nji ýylda, Türkmenistan garaşsyz bolansoň, çap edildi.

Bu gün bu zatlary ýatlamak bilen men hiç kimi günälemek islemeýärin. Atam Monton Janmyrat belli bir adamlaryň däl-de, sistemanyň pidasy bolupdy. Diňe meniň atamy däl, Stalin döwrüniň, şeýle hem kommunistik sistemanyň pidasy bolan her bir adamyny aklamaga, olaryň hatyrasyny saklamaga bireýýäm wagt ýetdi diýip hasap edýärin.

Kakam Amandurdy Janmyradowyň “Atamyň wesýetlerinden” atly goşgysy:

Alyp bilseň alkyş al,
Gargyş bolsun gaçgynyň.
Syrgynyňa dil ýetir,
Uzyn dili göçgüniň.

Ataň dakan adyny,
Atam diýip goragyn.
Oglum, oň sebäbini,
Ata bolup soragyn.

Gysganç bolma, aýawly
Sakla ähli zadyňy.
Biderek jomart bolma,
Galdyrmarsyň adyňy.

Karun, Hatam Taý bardyr,
Bu taryhyň töründe.
Kemter gaýtsaň, hiç birem,
Ýatyp bilmez göründe.

Çöle çyksaň, guýy gaz,
Boşamaka çelegiň.
Erkiň barka eliňde,
Gaç öňünden pelegiň.

Ozalbaşda oýlanman,
Söz bermegin hiç kese.
Lebziňden dänen çagyň
Öwürlersiň näkese.

Otur, oýlan, ölçer, biç,
Başlamakaň bir işe.
Ham etseň har bolarsyň,
Hor bolarsyň hemişe.

***
Päliň kiçi bolsun,
Ynsabyň uly.
Çünki sen öz iliň,
Topragyň guly.

Ant içseň toprakdan iç,
Ynanaryn sözüňe.
Gül çaýjak, gara çekjek
Topragyňdyr ýüzüňe.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG