Sepleriň elýeterliligi

Hytaý britan raýatyna ölüm jezasyny berýär


Britaniýaly 53 ýaşly Akmal Shaih Hytaý ölüm jezasyny berdi

Britaniýaly 53 ýaşly Akmal Shaih Hytaý ölüm jezasyny berdi

Hytaý neşe gaçakçylygynda günäli tapylan bir britan raýatyna ölüm jezasyny berdi. Akmal Şaih baradaky ölüm jezasy şu gün ir ertir Hytaýyň uzak günbatar regiony Şinjiaňyň paýtagty Urumçynyň tussaghanasynda amala aşyryldy.

Garyndaşlary 53 ýaşly, 5 çaganyň atasy Şaihyň ruhy kesellidigini aýdýarlar. Pakistanda doglup, Britaniýada ulalan Akmal Şaih geçen 58 ýyllykda Hytaýda ölüm jezasy berlen ilikinji ýewropalydyr.

Akmal Şaihyň günäsi nämede?

Şaih 2007-nji ýylyň sentýabrynda Täjigistandan Urumça baranynda dört kilogram heroin bilen tutuldy. Hytaý häkimiýetleri munça heroin 26800 adamy öldürmäge ýeterlik diýýär. Ol 2008-nji ýylyň dekabrynda ölüme höküm edildi.

Şaihyň garyndaşlary, Britaniýanyň hukuk guramalary we Britan hökümeti ol ruhy näsaglykdan ejir çekýär diýip, Hytaý häkimiýetlerini oňa ölüm jezasyny bermezlige çagyrdylar.

Britaniýa alada bildirýär

Britaniýanyň Daşary we Arkalaşyk (Commonwealth) işleri boýunça ministri Iwan Lewis Akmal Şaihy ölümden gutarmak üçin iň soňky gezek düýn, 28-nji dekabrda Hytaý häkimiýetlerine ýüz tutdy: “Biz geçen iki ýyllykda jenap Şaihyň ýagdaýy barada premýer-ministr, Daşary işler ministrligi we ministrler derejesinde hytaýlylara 27 gezek ýüz tutduk. Men şu soňky salymda-da ruhy näsag adama ölüm jezasyny bermegiň ýaraşykly iş däldigine olar düşünerler diýip, umyt edýärin”.

Şaihyň garyndaşlary we adam hukuklaryny goraýjy guramalar Hytaýa neşe geçirmek üçin ony bir jenaýatçy toparyň aldap ulanandygyny aýdýarlar. Hytaýyň resmi habar agentligi ”Sinhua” şu gün ýurduň Ýokary Suduna salgylanyp, Britaniýa tarapyndan berlen dokumentler bilen Şaihyň ruhy näsaglygyny subut edip bolmaýandygyny habar berdi.

Britaniýanyň hökümete degişli däl guramasy ”Repriewiň” tassyklamagyna görä, Hytaýda ölüm jezasy berlen iň soňky ýewropaly 1951-nji ýylda atuwa höküm edilen italiýaly uçarman Antonio Riwa. Ol Hytaýda Mao Zedoňy öldürmek baradaky dildüwşüge gatnaşamakda günälenipdi.
XS
SM
MD
LG