Sepleriň elýeterliligi

Obama howa howpsuzlygyna alada bildirýär


Prezident Barak Obama Kristmas güni bir amerikan ýolagçy uçaryny partlatmak üçin edilen synanyşyk barada ilkinji gezek düýn, 28-nji dekabrda beýanat bilen çykyş etdi.

Obama bu çykyşynda Birleşen Ştatlaryň bu hüjüme jogapkär adamlary tapýança dynç oturmajakdygyny aýtdy: “Hüjüme synanyşyk eden häzir türmede. Oňa uçary dargatmaga synanyşanlykda günä bildirilýär. Bu terror synanyşygy barada doly barlag ýola goýuldy. Biz bu işde kimleriň eliniň bardygyny bilip, olary jogapkärçilige çekýänçäk dynç almarys”.

Obama bu pursatdan peýdalanyp, Amerika duşmanlar tarapyndan dürli howplaryň salynýandygyny nygtady: “Bu waka bize ýüzbe-ýüz bolnup durlan çynlakaý howplary, watanymyza howp salýanlaryň häsiýetini bize ýatlatdy. Bu hujumca uçary partlatmak başardan bolsa, onda baýramçylygy maşgalalary, dost-ýarlary bilen geçirmäge barýan bigünä 300 adam ölerdi”.

Umar Faruk Abdulmutallab kim?

Ýemen resmileri şübhelenilýän 23 ýaşly nigeriýäly Umar Faruk Abdulmutallabyň bu ýurtda ýaşaýandygyny tassykladylar. Onuň bu işiniň jogapkärçiligini hem Al Kaýda bagly bir ýemenli topar öz üstüne aldy. Arap ýarymadasyndaky Al Kaýda munuň Ýemende alyp barýan işleri zerarly Birleşen Ştatlardan öç almak üçin edilendgini aýtdy.

Bu topar tarapyndan internete berlen bir beýannamada Abdulmutallybyň toparyň beýleki agzalary bilen deňhukukly agzadygy, onuň ulanan partlaýjy maddasyny hem Al Kaýdanyň agzalarynyň öndürenligi bellenilýär.

Amerika reaksiýa bildirýär

Obama düýn Birleşen Ştatlara hüjüm etjek adamlara görkezilýän gysyşy dowam etdirmek barada Ak Tamyň Milli howpsuzlyk toparyna buýruk berenligini aýtdy.

Prezident Obama şeýle hem Amerika howp abandyrýan ekstremistler Owganystanda ýa Pakistanda, Ýemende ýa Somalide, nirede hem bolsalar, olary derbi-dagyn etmek üçin özüniň ýurduň milli güýçleriniň ähli bölümlerinden peýdalanjakdygyny bildirdi.

Umar Farukyň kakasy habarly eken

Bu aralykda Abdulmutallybyň maşgalasy hem Nigeriýada bir beýannama çykaryp, onuň kakasynyň iki aý mundan ozal oglunyň niýeti barada ýurduň howpsuzlyk gulluklaryny habarly edendigini aýtdy. Beýannamada onuň kakasynyň daşary ýurt howpsuzlyk gulluklaryndan hem ogluny tapyp, yzyna getirmek üçin kömek soranlygy aýdylýar.

Amerikan resmilerini habarly eden hem şübhelenilýäniň kakasy, nigeriýaly tanymal bankçy Alhaji Umar Mutallab.
XS
SM
MD
LG