Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Wladimir Putin ABŞ-dan nägile


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ýadro ýaraglarynyň sanyny azaltmak barada ylalşyga gelmekde ABŞ-nyň raketalara garşy goranyş programmasynyň böwet bolýandygyny aýtdy.

Wladiwostokda bu barada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Wladimir Putin: “Biziň amerikan partnerlarymyz raketa garşy goranyş sistemasyny gurýarlar. Biz bolsa şeýle sistemany gurmaýarys. Ýöne raketa garşy sistema bilen hüjüm ediji ýaraglaryň problemmasy biri-biri bilen baglydyr. Sebäbi, güýşleriň deňagramlylygydy, hatda sowuk uruşy döwründe hem dünýade parahatçylygy saklapdy” - diýip, belledi.

Bu iki ýurduň arasyndaky START atly öňki şertnamanyň möhleti dekabr aýynyň başynda tamamlandy. Täze ylalaşyk boýunça alnyp barlan gepleşikler tamamlanan hem bolsa, täze ylalaşyga entek gol çekilmedi.
XS
SM
MD
LG