Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda parahat ilatyň ýitgisi artýar


Owganystanda geçen ýylky bilen deňeşdirilende heläk bolan asuda ýaşaýjylaryň sany 10 prosent artdy diýlip, BMG-niň bu baradaky beýanatynda aýdylýar.

Maglumata görä, şu ýylyň ýanwar - oktýabr aýlary aralygynda Owganystanda 2040 adam heläk bolupdyr. Olaryň 1 mün 400 ýüzi pitneçileriň pidalary bolan bolsa, galanlary ýaranlyk güýçleriniň ýalňyşlarynyň, hökümet goşunlarynyň hereketleriniň we beýleki zorluklaryň pidasy boldy diýilip bu hasabatda bellenilýär.

Bu ýurtda talyp söweşijilerine hem Al-Kaýdanyň pitneçilerine garşy göreş indi dokuz ýyl bäri dowam edýär.
XS
SM
MD
LG