Sepleriň elýeterliligi

Täze ýylyň bosagasyndaky mejburlyklar


Radionyň ýerli habarçysynyň Aşgabatdan beren maglumatyna görä, paýtagtyň býujet edaralarynda işleýän ýaşaýjylaryň ählisine 2009-njy ýylyň 31-nji dekabrynda gije sagat 21.00-de Bitaraplyk binasynyň öňüne ýygnanyşmaklyk barada görkezme berlipdir.

Maglumata görä, şol gün, ýagny 2009-njy ýyldan 2010-njy ýyla geçilýän gije şäherdäki baş arçanyň öňünde baýramçylyk çäresi geçiriler.

Soňky yyllar paýtagtdaky baş arçanyň öňünde gurnalýan dabara adamlaryň zorluk bilen gatnaşdyrylyandygyny we munuň bolsa köplerde nägilelik döredýändigini ýerli habarçimyz habar berýär.

Paýtagtyň baş arçasynyň öňünde geçirilýän Täze ýyl dabarasyna Aşgabadyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, mugallymlary, mekdep okuwçylary, talyplary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdyrylýar diýip, habarçymyz belleýär.

Maglumatda şol günki şowhuna barmadyk paýtagtlylara ýowuz daralýandygy we hatda adamlaryň işden kowulýan halatlarynyň-da bolýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG