Sepleriň elýeterliligi

1-nji ýanwardan welaýatlardan gelýän awtomaşynlara Aşgabada girmek gadagan!


Şeýle çäre kime bähbitli, kime bähbitsiz? Islendik gadagançylygyň, çäklendirmeleriň položitel hem otrisatel taraplary bolýar. Olaryň bähbitli taraplary-da bar, bähbitsiz taraplary-da.

Bähbitli taraplary:

Welaýatlardan paýtagta gelýän sürüjileriň köpüsi uly şäheriň transport akymynda özlerini oňaýsyz duýýar. Olar ýol hereketiniň düzgünlerini yzygiderli bozýarlar. Şeýlelikde, ýol-transport heläkçilikleriniň emele gelmegini ýüze çykarýarlar.

Welaýatlardan gelýän sürüjiler Aşgabatda kireý hem edýärler. Olar diýseň gyssanmaç, seresapsyz sürüp, maşynlaryny ikinji hatarda saklap, adam alýarlar. Bu ýagdaý sürüji üçinem, ýolagçy üçinem hatarly. Welaýatlardan gelýän sürüjiler şular ýaly ýönekeýje howpsuzlygy-da berjaý etmeýärler.

Soňky döwürde Aşgabatda maşyn akymy aýdyp-diýerden has artdy. Uly köçeleriň birinde remont işleri geçirilse, ýa-da hökümet ýolbaşçylary üçin ýol beklenende köçelerde dykyn emele gelýär. Maşynlar barjak ýerlerine wagtynda baryp bilmeýärler.

Paýtagtyň özünde ýeňil maşynlaryň, awtobuslaryň, ýük maşynlarynyň artyp gidip oturmagy bilen olardan çykýan tüsseler ekologiýany zaýalaýar. Şeýdip howa hapalanýar. Adamlaryň saglygyna zeper ýetýär.

Eger-de welaýatlardan gelýän maşynlara Aşgabada girmek ygtyýar berilmese, onuň şeýleräk bähbitli taraplary bolar.

Bähbitsiz taraplary:

Welaýatlardan üsti her dürli ýükli (gök-bakja önümleri, tüwi, mäş, noýba we ş.m.) maşynlar, içi ýolagçyly awtobuslar, kiçi awtobuslar, ýeňil maşynlar göni paýtagta gelýärler. Indi olara kynçylyk, päsgelçilik dörär.

Welaýatlardan paýtagta kireý etmek maksady bilen gelýänler indi kireý edip bilmez. Olaryň bir gazanç çeşmesi ýapylar.

Şäheriň dükanlaryndan ownukdyr lomaý söwda edýänler üçin goşmaça kynçylyklar dörär. Olar ýüklerini şäheriň daşyna çykarmak üçin ilki ýerli maşynlara ýüklemeli bolarlar.

Görşümiz ýaly, gadagançylyk çäresiniň oňaýly hem-de oňaýsyz taraplary ýetik.

Onda näme etmeli?

Emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmek hem-de kadalaşdyrmak üçin näme etmeli?

Ilkinji nobatda welaýatlardan şähere gelip girilýän ýerlerde (üç-dört punktda) giň awtoduralgalary gurmak gerek. Şol punktlarda lomaý söwda bazarlaryny döretmeli. Adamlar üçinem düşelgeler gerek.Punktlardan şähere gatnamak üçin awtobusdyr beýleki gatnawlary bökdençsiz guramaly.

Umuman, welaýatlardan gelýän awtomaşynlara Aşgabada girmäge gadagan edilmegi tötänden däl. Paýtagtda şeýle bir maşyn köpeldi welin, köçelerden geçmek hatarly bolup barýar. Şu zatlar sebäpli, ýol-transport hadysalarynyň möçberi-de köpelýär.

Şeýle bolansoň, welaýatlardan gelýän awtomaşynlara Aşgabada girmegi çäklendirmek bilen dogry iş edilýär diýip, aýdyp bolar.

Ýagdaýyň barşyndaky emele geläýjek eýleki-beýleki kemçilikler hem wagtyň geçmegi bilen öz-özi düzelip gider.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçy. Şu ýerde öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG