Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran ruhanysy oppozisiýa liderleri ölüme mynasyp diýýär


Täsirli eýran ruhanysy aýatolla Abbas Waez Tabasi oppozisiýa liderleri «hudaýyň duşmany» diýdi we olaryň yslamyň şerigat kanuny esasynda ölüme höküm edilmelidigini aýtdy.

Fars habarlar gullugy Waez Tabasiniň «kanun moharebe – hudaýyň duşmanyna berilmeli jeza babatda gaty açyk» diýendigini ýazdy.

Tabasi Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Aly Hameneýiniň wekilidir.
XS
SM
MD
LG