Sepleriň elýeterliligi

Amerikan senatory ýanwarda Eýrana garşy sanksiýalaryň girizilmegini isleýär


Birleşen Ştatlaryň senatory Josef Liberman ýanwaryň aýagyna çenli Eýrana garşy ykdysady sanksiýalaryň girizilmegi baradaky kanunyň taýyn bolmagyna umyt edýändigini aýtdy.

Liberman Azatlyk Radiosynyň Pars gullugy - Farda radiosy bilen eden gürrüňinde sanksiýalaryň Tähranyň dawaly ýadro programmasyny duruzmazlygy we adam hukuklaryny basgylamagy sebäpli giriziljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG