Sepleriň elýeterliligi

Putin: «Amerikan raketa galkany ýadro ylalaşygyny saklaýar»


Orsýetiň permýer ministri Wladimir Putin ýadro ýaragsyzlanyşygy babatdaky täze şertnama gol çekilmegine esasy bowet bolýan zat Birleşen Ştatlaryň raketa-gorag sistemasy baradaky planlary diýýär.

Şeýle-de ol Orsýetiň ABŞ-nyň planlaşdyrylan gorag sistemasyna laýyk täze ýaraglary ýasajagyny aýtdy hem-de Waşingtony bu barada anyk maglumatlary bermäge çagyrdy.

Iki tarap dekabryň başynda mohleti dolan şertnamanyň yzyny tutjak ylalaşygy baglaşmaga ýakyn gelendiklerini aýdýar, emma olar entek bu barada ylalaşyp bilenok.

Putin bu mesledäki iň uly problema näme diýen soraga «biziň amerikan partnerlarymyz raketa garşy galkan gurýar, biz bolsa gurmaýarys» diýip jogap berdi.
XS
SM
MD
LG