Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Türkmengaz» 10 milliard dollarlyk şertnama baglaşar


«Türkmengaz» Döwlet konserni.
«Türkmengaz» Döwlet konserni.

29-njy dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Ýolöten gaz ýatagyny özleşdirmek maksatlary bilen baglanyşykly birnäçe karara gol çekdi.

Prezidentiň gol çeken şu kararlarynyň esasynda-da ýurduň «Türkmengaz» Döwlet konsernine Günorta Ýolöten gaz ýatagyny özleşdirmek işleri boýunça birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen özara şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Hususan-da, «Türkmengaz» Döwlet konserni Hytaýyn CNPC kompaniýasy bilen 3 milliard 128 million dollarlyk, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Petrofac International” kompaniýasy bilen 3 milliard 979 million dollarlyk, Günorta Koreýanyň “LG International Corporation” we “Hyundai Engineering” kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen 1 milliard 485 million dollarlyk, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň “Gulf Oil and Gas” kompaniýasy bilen 1 milliard 150 million dollarlyk şertnama baglaşar.

Günorta Ýolöten gaz ýatagyny özleşdirmek işlerine gatnaşjak bu daşary ýurt kompaniýalary Türkmenistanyň bu gaz ýatagynda ýerasty özleşdiriş işleri, buraw skwažinalaryny gurmak, gazy gaýtadan işleýji obýektleri gurmak, gazy kükürtden arassalaýjy senagat obýektlerini gurmak ýaly işler bilen meşgullanarlar. Gurluşyklar Hytaýyň Döwlet ösüş bankynyň Türkmenistana berjek karz pullary arkaly amala aşyrylar diýlip, habar berilýär.

Düýbi Moskwada ýerleşýän GDA Döwletleri institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bolüminiň direktory Andreý Grozin Türkmenistanyň gol çekiljek bu täze kontraktlaryň üýtgeşik bir waka däldigini aýtdy.

«Menin pikirimçe, bu ýerde hiç hili uýgtgeşik bir zat ýok. Sebäbi häzirki wagt käbir günorta-gündogar Aziýa ýurtlaryndan we Ýakyn Gündogaryň aýry-aýry ýurtlaryndan başga ýurtlaryň inwestisiýalaryny çekmek aňsat däl, munuň bilen baglanyşykly käbir problemalar bar" - diýip, Grozin Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Groziniň pikirine görä, Berdimuhamedowyň özi uçin Günbataryň kapitalyny çekmek has bähbitli bolardy. "Sebäbi, ozaly bilen, bu ygtybarly kapital bolardy. Ikinjiden bolsa, bu diňe bir gaz ýataklaryny özleşdirmek uçin pul getirýän inwestisiýa bolman, eýsem, täze tehnologiýany, täze bilimi getirýän hem-de Ýewropanyň bazarlaryna çykmaga perspektiwalary açýan inwestisiýa bolardy».
XS
SM
MD
LG