Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kowusowa: "Maňa Türkmenistanyň howasy ýetenok"


Žanna Kowusowa.
Žanna Kowusowa.

Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Anna Kowusyň gyzy Žanna Kowusowa Parižde ýaşaýar. Ol zergärçilik we surat çekmek bilen meşgullanýar. Ýakynda Azatlyk Radiosyndan Guwanç Gere Žanna Kowusowa bilen söhbetdeş boldy we onuň durmuşy, döredijiligi bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Žanna Kowusowa, ilki bilen Pariže nähili gelendigiňiz barada gürrüň beräyseňiz?

Žanna Kowusowa: Men Parižde eýýäm 20 ýyl bäri ýaşaýaryn. Meniň ikinji gyzymyň kakasy fransuz we meniň bu ýurtda ýaşamaga mümkinçiligim boldy. Men Parižde ýaşamagy we işlemegi mydama arzuw edipdim. Çünki bu şäherde hudožnik üçin örän amatly atmosfera bar. Pariž modanyň, dizaýnyň we täze sergileriň geçirilýän mekany. Progressiw syngatyň ähli gazananlaryny bu ajaýyp şäherde görmek mümkin.

Hut şular hem meniň üçin juda möhüm boldy. Men bu ajaýyp şäherde öz ornumy tapdym. Men köp işledim. Reklamalar üçin hem işledim. Bezeg şaýlaryny ýasadym. Belli fransuz zergäriniň şirketinde birnäçe ýyllap işledim. Şeýle-de garaşsyz zergär hökmünde işledim. Angliýada, UNESCO-da we başga-da mümkin bolan ýerlerdäki sergilere gatnaşdym. Şeýle-de men Pariždäki ors ybadathanasynyň restawrasiýasyny etdim we başga-da sargytlary ýerine ýetirdim. Bular maňa başda maddy taýdan uly kömek etdi.

Azatlyk Radiosy: Siz Pariže ilki geleniňizde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolduňyzmy?

Žanna Kowusowa: Dil meselelsinde kynçylyklar boldy. Sebäbi men fransuzça az bilýärdim. Bu ýere gelemsoň, fransuz dilini we ýazmany özbaşdak öwrendim. Emma dostlarymyň köp bolandygy üçin uly kömek etdiler.

Azatlyk Radiosy: Siziň hudožnik, zergär hökmünde döredijiligiňizde Türkmenistanly zenan bolmagyňyz nähili rol oýnady?

Žanna Kowusowa: Elbetde, men Türkmenistanda önüp-ösdüm we watanym – meniň buýsanjym. Men kakamyň ýardamlaryna we halkymyzyň juda baý sungatyna minnetdarlykda şu derejäme ýetdim. .

Türkmenleriň milli şaý-sepleri bütin dünýäde tanalýar. Olar örän owadan we özboluşly bolup, başga halklaryňkydan örän tapawutlanýar. Elbetde, bu zatlar meniň zergärçilik işlerime uly täsir etdi.

Men türkmenistanlydygymy şol işlerimde görkezmäge çalyşýaryn. Olar esasan tebigi daşlardan we türkmen äheňli. Kartinalarym barada aýtsam, olar köp däl. Çünki men esasan zergärçilik bilen meşgullanýaryn. Men esasan öýde surat çekýärin we şeýle ýagdaý meni biraz gysýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň kakaňyz, merhum Anna Kowusow Türkmenistanda giňden tanalýan Halk ýazyjysydy. Siziň döredijiligiňizde kakaňyzyň oýnan roly barada gürrüň beräýseňiz?

Žanna Kowusowa: Kakam meniň üçin şeýle bir köp iş etdi. Men hut kakama minnetdarlykda ajaýyp eserlerden durýan kitaphanany miras aldym we olary çagalykdan höwes bilen okadym.

Şeýle-de, meniň pikirimçe, onuň ýazyjy, döredijilik işgäri hökmünde türkmen medeniýetine goşandy örän uly diýip pikir edýärin. Belki, bu köpleriň ýadyndadyr. Kakamyň “Bürgüt” atly goşgusy meniň iň söýýän goşgym. Häzir biziň maşgalamyz kakamyň iň gowy eserlerini Moskwada täzeden çap etmek üçin taýýarlaýar. Ol orsça we iki tomdan ybarat bolar. Meniň dostum, belli fransuz ýazyjysy, Tri Mariýak olary fransuz diline terjime etmekçi.

Azatlyk Radiosy: Siz kakaňyzyň nähili gylyk-häsiýetlerini has gowy görýärdiňiz?

Žanna Kowusowa: Meniň kakam uly medeniýetiň adamydy. Ol köp ýurda syýahat etdi we örän açyk göwünli adamdy. Ol ajaýyp şahyr diýip pikir edýärin. Meniň kakam ýaş şahyrlara we ýazyjylara köp kömek etdi. Bu köpleriň ýadyndadyr diýip oýlanýaryn. Elbetde, kakamyň maňa eden täsiri çäksiz. Türkmenleriň medeni baýlygyny hem men kakama minnetdarlykda doly öwrendim.

Azatlyk Radiosy: Fransuzlar türkmen medeniýeti, sungaty bilen içgin gyzyklanýarmy?

Žanna Kowusowa: Olar üçin türkmen medeniýeti, sungaty örän gyzykly. Sebäbi türkmenleriň ajaýyp şaý-seplerini, halylaryny köpler bilýär. Emma bular, hususan, medeniýet bilen gyzyklanýan adamlar. Ýöne türkmen skulptura, keramika, dizaýn işleriniň, ajaýyp we döwrebap şaý-sepleriniň häzirki ýagdaýlary barada fransuzlar
hiç zat bilenok.

Men bu ugurlarda ajaýyp ussatlaryň bardygyny we milli däpleri dowam etdirýändiklerini bilýärin. Meniň pikirimçe, hut şu zatlary dünýä görkezmek gerek. Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda medeni maglumatlaryň alyş-çalyşygyny köpräk ýola goýmaly. Bu Türkmenistanly hudožnikler üçin örän möhüm. Sebäbi progressiw sungat barada maglumatlaryň ýokdugy olaryň ösmegine zeper berýär.

Men türkmenistanly hudožnikleriň Pariže juda az gelýändigini bellemekçi. Men olara elimden gelen kömegi edip, Pariždäki iň ajaýyp sergileri görkezmäge çalyşýaryn. Olary hökman görmek we sungat baradaky kitaplary almak zerur. Çünki olary Aşgabatda satyn almak mümkin däl. Şonuň ýaly-da bu golaýda Türkmenistanyň sergisiniň we konsertiniň Parižde bolmandygy örän gynançly. Meselem, Özbegistana turistleriň köpräk barmagy üçin olar her ýylda birnäçe gezek sergi, konsert gurnaýarlar. Parižde aktiw medeni çäreleri geçirýärler. Emma Türkmenistanyň bulary etmeýändigi gynandyrýar. Ýogsam bolmasa, biziň ýurdumyzyň medeni baýlyklary parižlileri aňk etjek.

Elbetde, munuň üçin gowy sergileri gurnamaly. Ol fransuz intelligensiýasyna uly täsir ederdi. Türkmenistandaky medeni durmuş barasynda olarda hiç hili maglumat ýok.

Azatlyk Radiosy: Žanna Kowusowa, siz bu ugurda nähili kömekler edip bilersiňiz?


Žanna Kowusowa: Men bular ýaly dabaralary gurnamaga kömege mydama taýýar. Parižde türkmen konsertleri gurnalsa hem örän gowy bolardy. Eger biz bu zatlary Parižde görkezsek, ol Türkmenistanyň ýüzi bolardy. Eger Parižde näçe köp konsert gurnalsa, ýa-da bu ýerä näçe köp hudožnik gelse, juda oňat bolardy. Türkmen hudožnikleri Pariže näçe köp gelseler, olar dünýä sungaty bilen has içgin tanşardylar.

Men olaryň Nýu Ýorka we Angliýa getiren işlerini gördüm we olar bilen birlikde bu sergilere gatnaşdym. Men şonda ussat hudožnikleriň Türkmenistanda köpdügine göz ýetirdim. Döwrebap sungat barada olarda maglumatyň azlygy zerarly olaryň öz talantyny ýeterlik görkezip bilmeýändigine düşündim. Biz Pariže gelen Türkmenistanly ýazyjylaryň, fotosuratçylaryň we hudožnikleriň sergilerini gurnadyk. Olar bilen birlikde menem öz zergärçilik işlerimi görkezdim. Goý, olar geljekde Pariže hasam köp gelsinler we bu zatlar olaryň ösmegine kömek eder diýip oýlanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Žanna Kowusowa, siz uzak wagtlap Türkmenistana barmansyňyz. Eýse, Türkmenistany küýsäňzokmy?

Žanna Kowusowa: Elbetde, örän küýseýärin. 20 ýyl örän uzak möhlet, örän uzak. Meniň Türkmenistanda geçen çagalygym, ýaşlygym asla unudylmajak döwürler. Hatda ol meniň gyzlarym üçinem ýatdan çykmajak döwürdi we olar mydama ýatlaýarlar.

Maňa Türkmenistanyň howasy ýetenok. Men Türkmenistandaky dostlarymy uzak wagtdan bäri görmedim we olara gyzgyn salamlarymy ýollaýaryn. Täze ýylda olara bagt, saglyk we abadançylyk arzuw edýärin. Şol sanda, kakamyň dostlaryna we ony unutmadyklara hem gyzgyn salamlarymy, täze ýyl gutlaglarymy ýollaýaryn. Olaryň kakamy unutmaýandygy we söýýändigi ýçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.

Azatlyk Radiosy: Žanna Kowusowa, söhbetdeşlik üçin sag boluň! Täze 2010-njy ýyl baýramyňyz gutly bolsun!

XS
SM
MD
LG