Sepleriň elýeterliligi

Reformirlenen ÝB-niň prezidentligi Ispaniýa geçer


Lissabon Şertnamasyndan öň Ýewropa Bileleşiginiň regional daşary syýasatynyň üns merkezinde häli-şindi üýtgemeler bolup bilýärdi.

Munuň sebäbi dürli regionlary ileri tutýan ýurtlaryň her biri gezekleşip ýerine ýetirilýän prezidentligi ele alanynda daşary syýasatyň gün tertibene-de wagtlaýyn kontrollyk edýärdi. Onsoň Ispaniýa ýaly bir ýurduň prezident bolmagy Ýewropa Bileleşiginiň ünsüniň Demirgazyk Afrika gönükmeginden başga zady aňlatmaýardy.

Ýöne indi Lissabon şertnamasy muny üýtgetdi, iň bärkisi teoritiki taýdan. Iş ýüzünde bolsa Ýewropa Bileleşigi daşary syýasatda täze ýol arçamaga synanyşýar. Ol munuň üçin hem gezekleşip ýerine ýetirilýän prezidentlik, daşary işler ministrleriniň geňeşi ýaly köne, ýeke-täk baş diplomat we Bileleşigiň prezidenti wezipesi ýaly täze mehanizmlerden peýdalanmak isleýär.

Ine, 1-nji ýanwarda Ispaniýa Lissabon şertnamasy döwründe Bileleşige prezidentlik edýän ilkinji ýurt bolýar. Şol sebäpden hem onuň näme edip, näme goýjakdygynyň bu bloguň indiki işlerine güýçli tasiri bar. Bu barada häzir hemmeden köp aladalanýan Ukraina, Moldowa, Ermenistan, Azerbeýjan we Gürjüstan. Bular özleriniň gözden salynmagyndan gorkýarlar.

Ispaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň işleri boýunça Döwlet sekretary Diego Lopez Garrido 9-njy dekabrda Brýusselde eden çykyşynda ”Gündogar
Ýewropanyň Goňşuçylyk syýasatynyň, aýratyn-da Gündogar Partnýorlygynyň gün tertibinde ileri tutulýan meselerleriň biri boljagyny aýtmak isleýärin.
Partnýorlygy” progammasyna degişli bu ýurtlary köşeşdirdi: “Indiki prezidentligiň wekili hökmünde Ýewropanyň Goňşuçylyk syýasatynyň, aýratyn-da Gündogar Partnýorlygynyň gün tertibinde ileri tutulýan meselerleriň biri boljagyny aýtmak isleýärin. Bu ýeke Ispaniýa, Belgiýa we Wengriýadan ybarat geljekki üç prezidentlikde däl, ylaýta-da Ispaniýanyň möhletinde şeýle bolar”.

Onuň bu aýdany köp adamlary geň galdyrdy. Sebäbi Ispaniýa geçen 10 ýyllykda Fransiýa bilen birlikde Ýewropa Bileleşiginiň Marokko, Aljir, Tunis, Liwiýa we Mawritaniýa ýaly ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda tagalla baryny etdi. Ýöne bu ugurda uly öňegidişlik ýok. Sebäbi bu ýurtlar Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk etjek diýip, oda-köze düşüp baranoklar.

Indi Ispaniýanyň prezidentligi daşary syýasatyň gün tertibini tutuşlygyna Demirgazyk Afrika süýşürer diýip pikir edilmeýär. Sebäbi Lissabon şertnamasy boýunça prezident bolan her bir ýurt daşary syýasatyň gün tertibini özünden soň bu orny eýelejek iki ýurt bilen maslahatlaşmaly.

“Ispan prezidentliginde ”Gündogar Partnýorlygynyň” gün tertibinde ýokary orunda durmajakdygy belli. Ýöne ispanlar bu partnýorlygy togtatmajakdyklaryny ozal aýtdylar” diýip, Brusselde ýerleşýän Ýewropa Syýasatyny Öwrenmek baradaky merkeziň işgäri Piotr Kaçzynski belleýär.
XS
SM
MD
LG