Sepleriň elýeterliligi

Esasy transport ýolundan palestinlileriň gatnamaklaryna ýol beriler


Çarşenbe güni Ysraýylyň Ýokary sudy Tel-Awiw bilen Günbatar Kenaryň aralygyndaky esasy transport ýolundan palestinlileriň belli bir aralyga çenli gatnamaklaryna ýol beriji karar çykardy.

Günbatar Kenardan Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiwe çenli barýan bu uly transport ýoly Iýerusalim şäheriniň hem üstünden geçýär.

2002-nji ýylda bu transport ýolunyň ugrunda palestin söweşijileriniň birnäçe ysraýylly maşyň sürüjileri atyp öldürmekleriniň yzy bilen, Ysraýylyň hökümeti bu ýoldan palestinlileriň gatnamaklaryny gadagan edipdi.
XS
SM
MD
LG