Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda parahat ýaşaýjylaryň öldürilmegi bilen baglanyşykly beýanat ýaýradyldy


Owganystanda geçen ýekşenbe güni parahat ýaşaýjylaryň öldürilmegi bilen baglanyşykly derňew geçiren hökümet topary bu adamlaryň ýurtdaky daşary ýurtly harbylar tarapyndan alnyp gaçylyp, öldürilendigini aýdýar.

Bu barada şu gün Hamyt Kerzeýiň prezident administrasiýasynyň ýaýradan resmi beýanatynda bellenilýär.

Hususan-da, bu resmi beýanatda harby uçarda uçup gelen halkara güýçlerine degişli bir harby toparyň ýekşenbe güni üç sany ýaşaýyş jaýyndan 10 sany ýaşaýjyny alyp gidendikleri we soňra-da olary atyp öldürendikleri aýdylýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, bu atylyp öldürilen parahat ýaşaýjylardan 8-si mekdep okuwçylary.

Kunar welaýatynda ýüz beren bu ganly wakany şu hepdäniň başynda NATO güýçleriniň harby resmileri ýaragly söweşijilere garşy geçirilen operasiýa diýip häsiýetlendiripdiler.

Hamyt Kerzeýiň prezident administrasiýasynyň ýaýradan bu soňky resmi beýanatyna NATO tarapyndan häzirlikçe hiç hili kommentariýa berilmedi.
XS
SM
MD
LG