Sepleriň elýeterliligi

Hökümete tarapdar raýatlaryň öň müňlerçesi Tähranyň köçelerine çykdy


Çarşenbe güni Eýranyň hökümete tarapdar raýatlarynyň öň müňlerçesi Tähranyň köçelerinde ýöriş geçirip, şu hepde reformaçylaryň geçiren protestlerini ýazgardylar.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki «Press TW» atly telewideniýesi «bu ýöriş geçirijiler bulagaýçylary ýazgardylar» diýip, habar berdi.

Bu ýörişde hökümete tarapdar raýatlar «Amerika jenaýatçy», «Amerika ýok bolsun» ýaly şygarlary hem gygyryşdylar.

Şu geçen ýekşenbe güni Eýranyň oppozisiýasynyň protest çykyşlary wagtynda polisiýa bilen protesçileriň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 8 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG