Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran saýlawlary žurnalistler üçin 2009-njy ýylyň iň howply wakasy boldy


Halkara metbugat hukuk topary Eýranyň dawaly prezident saýlawyny beýan etmegiň žurnalistler üçin 2009-njy ýylyň iň howply wakasy bolanydygyny aýdýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz reporterler guramasy iýunda bolan saýlawlar we şondan soňky protestler metbugata garşy elhenç repressiýa tolkunynyň döremegine getirdi diýýär.

Şeýle-de bu gurama şu ýyl Eýran ýaly repressiw ýurtlardan žurnalistleriň köpçülikleýin gitmeginden alada galandygyny aýtdy.

Şoň ýaly-da bu topar Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitinde žurnalistlerdir adam hukuklaryny goraýjylar elhenç bir ýyly başdan geçirdi diýdi.
XS
SM
MD
LG