Sepleriň elýeterliligi

Men hormatly dynç alyşdaky adam. Ozalam, häzirem radio diňlemäni gowy görýärin. Aram-aram otuz-kyrk ýyl mundan ozalky radioda eşitdirilýän aýdym-sazlar bilen häzirki döwrüň radiosynda eşitdirilýän aýdym-sazlary deňeşdirip görýärin.

Radioýaýlymlaryň sany, olaryň efir wagty görnetin artdy. Şeýlelikde, many-mazmunam gowulaşaýjak ýaly. Göwnüme bolmasa, mazmun babatda, öňki döwrüň aýdym-sazlary häzirki döwürdäkiden kän gowy ýaly.

Näme üçindigini bilmedim. Ýöne garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen halk aýdym-sazlary radionyň ýaýlymlaryndan çetleşdirildi. Halk aýdym-sazlarynyň radiolaryň efirlerinden berlişi juda ujypsyz boldy.

Biziň neslimiz türkmen halk aýdym-sazlaryndan gana-gana kemala gelen nesil. Dogrusy, türkmeniňki ýaly üýtgeşik, özboluşly halk sazlaryny, heňlerini hiç bir halkyňky bilen deňeşdirer ýaly däl. Muny dünýä belli sazşynaslaram ykrar etdi.

Ynha, şeýle beýik sungat garaşsyzlyk ýyllarynda harlandy. Netijede, türkmen halk aýdym-sazlaryna düşünmeýän, olara sarpa goýmaýan nesil ýetişdi. Beýle ýagdaý ýaman gynandyrýar.

Men esasan, «Owaz» radioýaýlymyny köp diňleýän. Bu ýaýlymyň «Saýlanan aýdymlar» diýen gepleşigi bar. Gowy oýlanyp tapylan gepleşik.

«Saýlanan aýdymlar» göni efirde bir sagadyň dowamynda gidýär. Islendik diňleýji redaksiýa SMS ugradyp, özüniň söýgüli aýdymçysynyň aýdym aýdyp bermegini haýyş edip bilýär. Sesleriň köplügini alan aýdymçylaram ilkinji bolup aýdym aýdýarlar.

Elbetde, SMS iberýänleriň köpüsi ýaş nesil. Ýaşuly nesil känbir SMS iberip ýörenok. Sebäbi ýaşuly nesliň arasynda SMS-iň nämedigini bilmeýänlerem örän köp.

Gelip çykýan netije

Şundan näme netije gelip çykýar? Aýdym zakaz edýänleriň togsan dokuz prosenti ýaş nesil.

Eýsem, ýaşlar haýsy aýdymçylara isleg bildirýärler? Olara ýaňy dörän aýdymçylar, ýagny öz deň-duşlary gerek. «Saýlanan aýdymlarda» zakaz boýunça aýdym aýdýanlaryň galapyny çeper höwesjeňleriň derejesindenem pes. Soýuz döwründe beýle aýdymçylary efiriň töweregindenem eltmezdiler.

Bu nämäniň alamaty? Aýdymçylaryň professional derejesi pese gaçdy. Olaryň gowusyny-hordasyny saýlap efire goýberýän komissiýanyň ýoklugy.

Başga ýagdaý meni has gynandyrdy. Olam ýollanýan SMS-lerde Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Oraz Salyr, Ödenyýaz Nobatow, Girman bagşy… ýaly meşhur bagşylarymyzyň, Mylly Täçmyradow, Çary Täçmämmedow, Tugur Berdinyýazow, Ýagmyr Nurgeldiýew… ýaly meşhur sazandalarymyzyň atlarynyň bolmazlygy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda meşhur bagşy-sazandalarymyzyň aýdym-sazlary juda seýrek eşitdirilensoň, ýaş nesil indi olaryň kimdiginem bilenok. Ýaşlary professional derejede ýerine ýetirilýän aýdym-sazlar däl-de, warraý-şarraýrak zatlar gyzyklandyrýar.

Biz aýdym-saz mirasymyzy şu günlerden propagandirläp başlamasak, onda gijä galarys—biziň gadymy aýdym-saz sungatymyz, olary ýerine ýetiren bagşy-sazandalaryň atlary ýuwaş-ýuwaş ýitip ugrar. Eger şuny dogry ýola goýsak, ýaş nesliň hem türkmen halk aýdym-sazlaryna sarpa goýjakdygyna, olara imrinjekdigine ynanýaryn.

Türkmen halk aýdym-sazlary hiç kimi biparh goýmaýar. Onuň asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize kämilleşe-kämilleşe gelmegi-de hut şonuň üçindir.

Garýagdy Meläýew Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG