Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky partlamada 90 töweregi adam öldi


Öten agşam Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Lakki Marwat şäherçesiniň golaýynda janyndan geçen bir hüjümçiniň maşyna ýerleşdirilen partlaýyjy maddany partlatmagy netijesinde azyndan 90 töweregi adam ölüp, ýüzlerçe adam ýaralandy.

Bu partlama ýaşlaryň arasynda wolleýbol ýaryşynyň geçirilýän ýerinde amala aşyryldy.

Lakki Marwat şäherçesi talyp söweşijileriniň aktiw hereket edýän regiony bolan Günorta Weziristan regionyna örän golaý ýerleşýär.

Ýerli polisiýa edarasynyň resmileri bu wakanyň bolan ýerindäki obanyň ýaşaýjylarynyň talyplara garşy göreş boýunça ýörite gurama döredendiklerini aýdyp, bu partlamanyň talaplar tarapyndan ar alyş görnüşinde gurnalan çäre bolmagy mümkin diýip hasaplaýandyklaryny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG