Sepleriň elýeterliligi

Daniýaly karikaturaçynyň janyna kast etmäge synanşyldy


Öten agşam Daniýanyň howpsuzlyk gullugy asly somaliýaly 28 ýaşly bir raýatyň daniýaly karikaturaçy Kurt Westergaardyň janyna kast etmäge synanyşandygyny habar berdi.

Bu wakanyň Kurt Westergaardyň ýaşaýan ýeri bolan Aarhus şäherinde ýüze çykandygy habar berilýär.

Daniýanyň howpsuzlyk gullugynyň bu barada ýaýradan beýanatynda aýdylyşyna görä, karikaturaçy Kurt Westergaardyň janyna etmek synanyşygynda hüjümçi onuň öýüne girmekçi bolanda, jaýdaky signalizasiýanyň işlemegi netijesinde, wakanyň bolan ýerine dessine polisiýa işgärleri barypdyrlar.

Maglumata görä, polisiýa işgärleri eli paltaly we pyçakly hüjümçiniň aýagyndan atyp, ony dessine tussag edipdirler.

Daniýanyň howpsuzlyk gullugy ýurduň şahsy syrlar baradaky kanunyna salgylanmak bilen, häzirlikçe bu hüjümçiniň adyny aýan etmekden saklanýar.

2006-njy ýylda Kurt Westergaardyň Muhammet pygamberi tankytlaýjy karikaturasy Daniýanyň «Ýyllands Posten» gazetinde çap edilipdi. Şonda bu çap edilen karikaturany köp musulmanlar öz mertebelerini kemsitmek hökmünde kabul edipdiler.
XS
SM
MD
LG