Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda Abdul Rahym Wardak täzeden goranmak ministri saýlandy


Şu gün Owganystanyň Parlamenti ýurduň goranmak ministriniň wezipesine ýene-de şu wezipedäki ozalky ministr Abdul Rahym Wardagy saýlady.

Munuň özi prezident Hamyt Kerzeýin ministrliklere hödürlän kandidatlaryndan ilkinjisiniň saýlanmasy hökmünde alamatlandy.

Parlamentiň deputatlary ýurduň ozalky energiýa ministri Ysmaýyl Hanyň ýene bu wezipä gaýtadan hödürlenmegine garşy ses berdiler.

Mundan daşary, adalat ministriniň wezipesine hödürlenen Sarwar Danişiň kandidaturasy hem Parlamentde goldanmady.

Bu baradaky ses berişlikler şu gün Parlamentde gizlin ses bermek görnüşinde geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň agzalygyna hödürlenen kandidatlardan aglabasy ozalky ministrler we ýokary wezipeli çinownikler bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG