Sepleriň elýeterliligi

Obama Ýemendäki Al-Kaýda toparyny aýyplap, çykyş etdi


Şu gün Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 25-nji dekabrda 23 ýaşly nigeriýaly raýatyň Birleşen Ştatlara uçup barýan uçary partlatmak üçin eden synanyşygynda gönüden-göni Ýemendäki Al-Kaýda toparyny aýyplap, çykyş etdi.

Birleşen Ştatlaryň hepdelik radiosynda hem-de telewideniesinde eden bu çykyşynda prezident Obama terror hüjümine synanyşykda tussag edilen Omar Faruk Abdul-mutallabyň Ýemene sapar edip, şol ýerde Al-Kaýdanyň ýerli guramasynda tälim alandygyny we ýaraglanandygyny aýtdy.

Geçen hepdäniň duşenbe güni Ýemendäki Al-Kaýda topary şol gürrüňi edilýän terror hüjümine synanyşygyň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG